Saud Arabystanynda Arap Ligasynyň sammiti geçirildi 

Düýn 19-njy maýda Arap Ligasynyň 32-nji sammiti Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde tamamlandy. Arap ýurtlarynyň Liderleri we wekiliýetleriniň ýolbaşçylary gün tertibindäki esasy meseleleri öz içine alýan 30-dan gowrak maddanyň gutarnykly jarnamasyny kabul etdiler.

Saud Arabystany Patyşalygynyň şazadasy Muhammad bin Salman Siriýanyň liga gaýdyp gelmegini gutlady. Duşuşyga gatnaşyjylar sebitiň durnuklylygy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan sebitleýin we global gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu sammit Siriýanyň Prezidenti Başar Asadyň 12 ýyldan soň gatnaşan ilkinji Arap Ligasynyň maslahaty hökmünde taryha girer. Gatnaşanlaryň köpüsi Damaskyň sebit bileleşigindäki ornuna gaýdyp gelmegini gutladylar.

Ýene degişli makalalar

ABŞ, Damaksdaky Gyrgynçylygyň Jogapkärine Sanksiýa Goýdy
Ysraýyl Damaska Howa Hüjümini Gurady
Jidda şäherinde Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — Merkezi Aziýa sammiti geçiriler
Saud Arabystany Patyşalygynda AHG Merkezi Aziýa sammiti geçiriler
Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolýar
Sebitara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary öňe sürüldi