Saud Arabystany Patyşalygynda AHG Merkezi Aziýa sammiti geçiriler

Saud Arabystany Patyşalygynda AHG  Merkezi Aziýa sammiti geçiriler

Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde 19-njy iýulda Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (AHG) we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sammiti geçiriler. Bu barada “Saudi Press Agency” agentligine salgylanyp, “Saudi Gazette” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Iki Mukaddesligiň hyzmatkäri Patyşa Salman sammite gatnaşmak üçin Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ähli ýolbaşçylaryna çakylyk iberdi. Häzirki wagtda çakylyklar Kuweýtiň Emiri, şazada Mişal Al-Ahmad al-Jaber al-Sabaha we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe gowşuryldy.

Jidda şäherinde geçiriljek sammite Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ýagny Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşamagyna garaşylýar.

Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşi 1981-nji ýylda döredilip, ol Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň altysynyň (BAE, Bahreýn, Saud Arabystany, Oman, Katar we Kuweýt) syýasy we ykdysady birleşigidir.

Ýene degişli makalalar

Jidda şäherinde Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — Merkezi Aziýa sammiti geçiriler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Daşkende iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi
Türkmenistan we GCC hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş sekretary bilen duşuşyk
Türkmenistan Merkezi Aziýa Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi görnüşindäki foruma gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitindäki çykyşy