Jidda şäherinde Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — Merkezi Aziýa sammiti geçiriler

Jidda şäherinde Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — Merkezi Aziýa sammiti geçiriler

19-njy iýulda Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — Merkezi Aziýa sammiti geçiriler. Bu barada Saudi Gazette penşenbe güni habar berdi.

Çeşmede bellenilişine görä, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ibn Abdul-Aziz Al Saud Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşine girýän ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň ýolbaşçylaryna sammite gatnaşmak üçin çakylyk ýollapdyr.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirilipdi. Şol duşuşykda söwda, maýa goýum, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasy kabul edilipdi.

Mundan başga-da, geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi. Bu resminama taraplaryň arasynda söwda we ykdysady, energetika, suw üpjünçiligi hem-de azyk howpsuzlygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.

Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — alty sany arap ýurduny öz içine alýan sebitleýin gurama. Onuň düzümine Bahreýn, Katar, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman we Saud Arabystany girýär.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy
Hormatly Prezidentimiz Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen ugrady
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Saud Arabystany Patyşalygyna bardy
Türkmenhowaýollarynyň uçary Jiddada garşylandy
Saud Arabystany Patyşalygynda AHG Merkezi Aziýa sammiti geçiriler
Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş sekretary bilen duşuşyk