Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy

Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine amala aşyran iki günlük iş saparyny tamamlap, Aşgabada dolanyp geldi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginiň irdenki goýberilişinde habar berildi.

Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi 1981-nji ýylda döredilýär. Alty ýurt: Bahreýn Patyşalygy, Katar Döwleti, Kuweýt Döwleti, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman Soltanlygy we Saud Arabystany Patyşalygy bu sebit guramasynyň agzalary bolup durýar.

Bu guramanyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň ýolbaşçylygynda Jiddada geçirilen ýokary derejedäki sammitine geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeýle hem Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary gatnaşdylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, sammitde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow:

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň barşynda:

— Bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi hem örän ähmiýetlidir.Bu ugurda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Birinji halkara sport oýunlaryny geçirmek ilkinji ädimleriň biri bolup biler. Şeýle oýunlar açyk häsiýete eýe bolmaly diýip pikir edýäris.

Bu çäräni guramak üçin Türkmenistan bar bolan ähli döwrebap sport infrastrukturasyny hödürlemäge, oýunlara gatnaşyjylar üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr — diýdi.

Şol gün iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk geçirdi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny tamamlap, Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Türkmenistana ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.

Howa menzilinde bolan söhbetdeşlikde, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Prezident Serdar Berdimuhamedowy saparyň üstünlikli geçmegi we sammite gatnaşmagy bilen mähirli gutlady. Şunda Merkezi Aziýa sebiti bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Türkmenistanyň saldamly goşant goşýandygy, munuň bolsa bu hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam berýändigi bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyk geçirdi
Sebitara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary öňe sürüldi
Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolýar
Türkmenhowaýollarynyň uçary Jiddada garşylandy
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)