Ysraýyl Damaska Howa Hüjümini Gurady

Ysraýyl Damaska Howa Hüjümini Gurady

Siriýanyň hökümeti, Ysraýylyň, Siriýanyň paýtagty Damaska howa hüjümini gurandygyny öňe sürdi.

Siriýanyň hökümetiniň habarlar gullugy SANA-nyň berýän habarynda, ýerli wagt bilen 00.15-de Damaskyň çetki etrapçalaryndan birine Ysraýyl tarapyndan howa hüjüminiň guralandygy öňe sürüldi.

Habarda, hüjüm sebäpli asuda ilatdan 2 adamyň ýogalandygy bellenildi.

Habarda, “Howa goranyş ulgamlarymyz duşmanyň raketalaryndan käbirini urup dürüşdi. Hüjüm sebäpli käbir ýerlere zeper ýetirildi” diýildi.

Ysraýyl tarapyndan heniz hüjüm hakynda hiç hili beýannama berilmedi.

Damaskda we çetki etrapçalarynda, Asada tabynlykdaky güýçler bilen birlikde Eýran tarapyndan goldanýan terrorçylar toparlar we esasan Liwan Hizbullahanyň agzalary iş alyp barýar.

Ysraýyl, içerki urşuň başlan ýyly bolan 2011-nji ýyldan bäri Siriýada wagtal-wagtal Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlara we Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby merkezlere hüjümler guraýar.

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystanynda Arap Ligasynyň sammiti geçirildi 
ABŞ, Damaksdaky Gyrgynçylygyň Jogapkärine Sanksiýa Goýdy
Ysraýylyň Damaska Hüjüm Gurandygy Habar Berildi
Ysraýyl Eýranyň Damaskdaky Diplomatik WekIlhanasyna Hüjüm Etdi
“Eýran Konsullygyna Guralan Hüjüme Degişli Gaýtawuly Görkezer”
Türkiye Ysraýylyň Eýranyň Siriýadaky Ilçihanasyna Guran Hüjümini Ýazgardy