Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolýar

Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolýar

18-19-njy iýulda Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — Merkezi Aziýa sammiti geçirilýär. Bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

Şu gün Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygyna ugrady diýip, Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, birinji gezeke geçirilýän Jidda sammitine Saud Arabystanynyň Patyşalygynyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Katar Döwletiniň, Kuwaýt Döwletiniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Oman Soltanlygynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary, şeýle-de Geňeşiň Baş sekretary gatnaşar.

Sammitiň gün tertibine laýyklykda, syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýumlar we medeni-ynsanperwer ugurlarda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar, halkara we sebit durmuşyna degişli derwaýys meseleler boýunça pikir alşylar.

Mundan başga-da, sammitiň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem birnäçesi geçiriler.

Habar berşimiz ýaly, Saud Arabystanynyň Patyşasy — Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Sauda Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşine girýän ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň ýolbaşçylaryna sammite gatnaşmak üçin çakylyk ýollapdy.

Ýeri gelende bellesek, Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — alty sany arap ýurduny öz içine alýan sebitleýin gurama. Onuň düzümine Bahreýn, Katar, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman we Saud Arabystany girýär

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitindäki çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy
Sebitara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary öňe sürüldi
Türkmenhowaýollarynyň uçary Jiddada garşylandy
Türkmenistan Merkezi Aziýa Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi görnüşindäki foruma gatnaşar