ABŞ Ençeme Ugurda Türkiýe Bilen Hyzmatdaşlyk Etmek Isleýär

ABŞ Ençeme Ugurda Türkiýe Bilen Hyzmatdaşlyk Etmek Isleýär

“TRT Habaryň” ýörite ýaýlymyna gatnaşan Çawuşogly, 14-nji iýunda geçiriljek NATO-nyň sammitinde Prezident R.T.Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň duşuşygynyň üns merkezinde boljakdygyny beýan etdi.

Çawuşygly Erdoganyň köp sanly ikiçäk duşuşyklar geçirjekdigini, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson bilen hem duşuşjakdygyny aýtdy.

Çawuşogly, Erdogan-Baýden duşuşygy hakynda: “ABŞ bilen täze döwürde haýsy başlangyçlar ediler? Düşnüşmezlikler bar. Demokratlar iş başynda mahaly başlan düşnüşmezlikler Trampyň döwründe-de dowam etdi. Baýdeniň 24-nji aprel bilen bagly aýdan sözleri bar. S-400 meselesi henizem dowam edýär. Bir tarapdan bu meseleleri nähili çözeris, bir tarapdan gatnaşyklary nähili ösdüreris? Bar bolan meseleleriň çözülmegi üçin habarnama berdik” diýdi.

Türkiýäniň islegleriniň kanagatlandyrylmalydygyny, meseleler dowam etdigi saýyn eneçeme ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň ýeňil bolmajakdygyny nygtan Çawuşogly: “Bar bolan ähli ugurlarda iki taraply hereket edilmeli. Preizdentimizin duşuşygy iňňän möhüm duşuşyk bolar. Duşuşykdan gowy netijeleriň alynmagyny tama edýäris” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly: “ABŞ-nyň diňe bir Liwiýa we Siriýa meselelerinde däl, Ortaýer deňizinden Gara deňize we Kawkaza çenli ençeme ugurda biziň bilen hyzmatdaşyk etmek isleýändigini görýäris” diýdi.

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky “Patriot” meselesinde-de durup geçen Çawuşogly: “Hökman “Patriot” bolmaly däl. ABŞ, “Patriot” meselesini kepillendirmeýän bolsa, biz başga ýaranlarymyzdan howa goranyş ulgamyny alyp bileris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi