ABŞ Filippinlerdäki esgerleriniň sanyny artdyrar

ABŞ Filippinlerdäki esgerleriniň sanyny artdyrar

Pentagon tarapyndan berilen ýazmaça beýannamada, Filippinlerdäki Kamilo Osias, Kemp Melçor Dela Kruz, Balabak adasy we Lal-Lo howa menzili bilen birlikde ýene-de 4 aýry bazanyň Giňeldilen goranmak hyzmatdaşlygy şertnamasynyň düzümine goşulandygy mälim edildi.

Ozal şol şertnamanyň düzüminde bolan 5 harby baza bilen birlikde soňky 4 baza hem amerikan esgerleriniň ornaşdyryljakdygy aýan edildi.

Beýanatda Hindi-Ýuwaş umman sebitinde howpsuzlyk, ynsanperwer kömek we tebigy apatlar boýunça hyzmatdaşlyk ediljekdigi beýan edildi.

ABŞ ozal Filippinleriň goranyş infrastrukturasyny güýçlendirmek üçin 82 million dollar gazna bölüp aýyrypdy.

Resmi Waşington mundan başgada Ýuwaş okeanynda Hytaýy eýmendirmek üçin sebitdäki ýurtlara goldaw berýär.

Ýene degişli makalalar

Wenesueal: ABŞ-nyň soňky nebit tankerlerini ele geçirmeği “halkara garakçylyk”
Türkiýe NATO-nyň Esasy Agzalaryndan Biri
Ukrainanyň Goşunlary Bahmutda Rus Hüjümlerine Garşy Göreşýär
Siriýada, ABŞ-nyň Öňbaşçylygyndaky DAEŞ-e Garşy Koalisiýa Güýçlerine Hüjüm Guraldy
ABŞ-nyň Uçar Gämisi Siriýanyň Golaýyna Çenli Geldi
ABŞ, Ukraina 2,6 Milliard Dollarlyk Goşmaça Harby Kömek Berer