ABŞ-na degişli suwasty gämi Russiýanyň suw giňişligine girdi

ABŞ-na degişli suwasty gämi Russiýanyň suw giňişligine girdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Russiýanyň Ýuwaş okean flodynyň harby türgenleşik geçirýän zolagynda Kuril adalaryna degişli Urup adasynyň golaýynda ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine degişli "Wirginia" kysymly suwasty gäminiň anyklanandygy mälim edildi.

Rus tarapynyň ýurdyň suw giňişligini terk etmegi baradaky duýduryşyna suwasty gäminiň ekipažynyň ilki bilen üns bermändigi bellenen beýanatda, Rusiýanyň Ýuwaş okean flodyna degişli “Marşal Şapoşnikow" fregadynyň degişli gurallary ulanandygy we ondan soň ABŞ-na degişli suwaty gäminiň Russiýanyň suw giňişligini terk edendigi aýan edildi.

Waka bilen baglanşykly ABŞ-nyň Moskwa şäherindäki ilçihanasynyň harby attaşesi Russiýanyň Goranmak ministrligine çagyryldy.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Russiýa Bilen Söweşde Iň Agyr Gyşyny Başdan Geçirip Biler
Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolýar
Oguljahan Atabaýewa Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy
Türkmen-tatar gatnaşyklaryny pugtalandyrylýar
'STOP Methane': Türkmenistan dünýäniň iň uly metan syzdyryjysy
Hazarýaka ýurtlaryň häkimleri sebitleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini maslahatlaşýarlar