ABŞ-na degişli uçarmansyz howa ulagy Gara deňize gaçdy

ABŞ-na degişli uçarmansyz howa ulagy Gara deňize gaçdy

Russiýanyň harby uçarynyň Gara deňizde gözegçilik uçuşyny amala aşyrýan ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly uçarmansyz howa ulagyna degip, ýere gaçmagyna sebäp bolandygy bilen bagly wakanyň jikme-jikligi ýüze çykmaga dowam edýär.

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň (Pentagon) metbugat sekretary Patrik Raýder, gündelik metbugat ýygnagynda beren beýannamasynda, 2 rus harby uçarynyň MQ-9 kysymly uçarmansyz howa ulagyna garşy hereketiniň 30-40 minut dowam edendigini habar berdi.

Gara deňize gaçan uçarmansyz howa ulagynyň bölekleriniň nirededigi we bölekleriň çykarylmagy bilen bagly işleriň geçirilip-geçirilmejekdigi bilen bagly maglumat bermedik Raýder, Russiýanyň uçarmansyz howa ulagynyň böleklerini entek ele salmandygyny mälim etdi.

Patrik Raýder yzarlanma pursatlarynda rus uçarlary bilen hiç hili aragatnaşyga geçilmändigini, uçaryň degmeginden soň zyýan ýeten MQ-9-yň Gara deňize gaçandygyny aýan etdi.

Amerikaly general ABŞ-nyň bölekleri çykarmak bilen birlikde waka bilen baglanşykly Türkiye we sebitdäki beýleki ýurtlar bilen aragatnaşyga geçilmändigini habar berdi.

Ak Tamyň Milli Howpsuzlyk geňeşiniň Strategik aragatnaşyk koordinatory Jon Kirbi hem: "Halkara suw giňişligindäki halkara howa giňişliginde uçmaga we iş alyp barmaga dowam ederis. Gara deňiz hiç bir millete degişli däldir. Dünýäniň bu sebitinde milli howpsuzlyk bähbitlerimiz üçin zerur bolan işleri etmäge dowam ederis" diýip beýan etdi.

Kirbi halkara howa giňişliginde uçmadan ozal ruslara maglumat bermek ýaly mejburlyklarynyň bolmandygyny belledi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda hem: "Russiýanyň harby uçarlary ýarag ulanmady, uçarmansyz howa ulagy bilen aragatnaşyga geçmedi" diýdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Ysraýyla Goldawyny Dowam Etdirer
Türkiýe NATO-nyň Esasy Agzalaryndan Biri
"Bu sebitde 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bolup geçen iň erbet ýer titremeleriň biridir"
Abrams Tanklarynyň Ukraina Gowşurlyş Işleri Birnäçe Aý Dowam Edip Biler
Russiýa Ukraina front liniýasyna on müňlerçe täze esger ugratdy
Türkiýe Sebitde Däl, Dünýäde-de Möhüm Hyzmatdaş