"Bu sebitde 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bolup geçen iň erbet ýer titremeleriň biridir"

"Bu sebitde 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bolup geçen iň erbet ýer titremeleriň biridir"

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Türkiyä we Siriýa täsir ýetiren 6-njy fewraldaky güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeleriň güýjüni göz öňünde tutup: "Bu sebitde 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bolup geçen iň erbet ýer titremeleriň biridir" diýip belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, ykdysady meýilnamalar barada maglumat bermek maksady bilen Wiskonson ştatynda beýannama berdi.

Çykyşynda amerikan halkynyň pikirleriniň we dogalarynyň Türkiyede we Siriýada ýer titremelerde zyýan çeken adamlar bilen bilelikdedigini aýdan Jo Baýden: "Bu sebitde 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bolup geçen iň erbet ýer titremeleriň biridir" diýip nygtady.

Adam pidalarynyň ýasyny tutýandyklaryny belläp,"Ýer titreme örän güýçlidi, kiçiräk tankydy ýer titremeler we 2-nji uly ýer titreme başdan geçirildi" diýip aýdan Jo Baýden, pikirleriniň bu betbagtçylyga duçar bolanlar bilen bilelikdedigini beýan etdi.

Jo Baýden ýer titremäniň edil yz ýanynda Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny belläp, ABŞ-nyň gözleg we halas ediş toparlary bilen birlikde ähli goldawyny NATO hyzmatdaşy bolan Türkiyä hödürländigini beýan etdi. Jo Baýden ABŞ-nyň Halkara Galkynyş agentliginiň we Ýewropadaky amerikan goşunynyň hem Türkiyede ýer titreme sebitinde goldawa taýardygyny beýan etdi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň metbugat geňeşçisi Patrik Raýder, ABŞ-nyň 10 welaýata täsir ýetiren güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerde gözleg, halas ediş we ynsanperwer kömek işlerine goldaw bermek maksady bilen "USS George HW Bush" atly uçargöter gämisiniň Türkiyä ugradylandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Eýrana Hüjüm Başladandygy Habar Berildi
Türkiýe NATO-nyň Esasy Agzalaryndan Biri
ABŞ-na degişli uçarmansyz howa ulagy Gara deňize gaçdy
Abrams Tanklarynyň Ukraina Gowşurlyş Işleri Birnäçe Aý Dowam Edip Biler
Russiýa Ukraina front liniýasyna on müňlerçe täze esger ugratdy
Türkiýe Sebitde Däl, Dünýäde-de Möhüm Hyzmatdaş