Russiýa Ukraina front liniýasyna on müňlerçe täze esger ugratdy

Russiýa Ukraina front liniýasyna on müňlerçe täze esger ugratdy

ABŞ-nyň ýokary derejeli harby resmisi, Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryna on müňlerçe täze esger ugradandygyny, emma şol täze harby birikmeleriň harby enjam we harby tälim taýdan ýeterlik derejede bolmandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonda metbugat işgärlerine, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi barada maglumat beren ýokary derejeli harby resmileriň biri, Ukrainanyň goşunynyň ýurduň gündogarynda Russiýanyň gözegçiliginde bolan Kreminna şäherçesine garşy hüjüm başladandygyny we az hem bolsa öňe gidişlik edýändigini habar berdi.

Amerikan harby resmi, Russiýanyň Bahmut şäherçesiniň golaýyndaky ýerleri basyp almaga synanyşýandygyny we sebitde çaknyşyklaryň dowam edýändigini mälim etdi.

Russiýanyň uly ýitgiler çekýändigini aýdan amerikan harby resmi, Russiýanyň goşunynyň geçen hepdäniň ahyrynda front liniýasyna on müňlerçe goşmaça täze esger ugradandygyny belläp: "Harby birikmeleri güýçlendirmek, ýitgileriň ýerini doldurmak taýdan şol san örän ýokary bolmagyna garamazdan, şol harby birikmeleriň tälimlerinde möhüm derejede kadalaşdyrma ýok. Olar yälim we enjam taýdan ýeterlik derejede däl, gyssagly söweşe ugradyldylar" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Ysraýyla Goldawyny Dowam Etdirer
Ysraýylyň Eýrana Hüjüm Başladandygy Habar Berildi
Türkiýe NATO-nyň Esasy Agzalaryndan Biri
"Bu sebitde 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bolup geçen iň erbet ýer titremeleriň biridir"
Abrams Tanklarynyň Ukraina Gowşurlyş Işleri Birnäçe Aý Dowam Edip Biler
Türkiýe Sebitde Däl, Dünýäde-de Möhüm Hyzmatdaş