ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Gresiýada Saparda Bolýar

ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Gresiýada Saparda Bolýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky düşnüşmezlikleriň gepleşik arkaly çözülmeginiň iki ýurt we ABŞ taýdan hem bähbitli boljakdygyny aýtdy.

Gresiýaly we Amerikaly wekiliýetler şu ýyl 4-njisi geçirlen ABŞ-Gresiýa strategik dialog maslahatyna gatnaşdy.

Maslahata gatnaşmak üçin paýtagt Afina giden Blinken, Gresiýaly kärdeşi Nikos Dendias bilen duşuşdy.

Blinken duşuşykdan soň metbugata beren beýannamasynda, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeler sebäpli Türkiýede saparda bolandygyny ýatladyp, “Çekilen ýitgi hakykatdan hem gynandyryjy” diýdi.

Blinken, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda uzak wagtdan bäri dowam edýän garaýyş tapawutlylygyna garamazdan ýer titremelerinden soň birlikde işleşendiklerine ünsi çekdi.

Blinken “ABŞ taýdan bu diýseň ýönekeý mesele, Gresiýa bilen Türkiýe biziň hyzmatdaşymyz we dostumyz. Biz olaryň arasyndaky düşnümezlikleriň gepleşik arkaly çözülmegi üçin, sebitde howpsyzlygyň we parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin elimizden geleni etmäge dowam ederis” diýip belledi.

Blinken, Gresiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky düşnüzmezlikleriň çözülmeginiň iki ýurt we ABŞ taýdan bähbitli boljakdygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Döwlet Sekretarlygynyň Metbugat Sekretary Ýurdunyň Gaza Syýasaty Sebäpli Wezipesinden Çekildi
Gorizontal Binagärlikden Egilşik Etmeris
Ýer Titremesinde Çekilen Adam Pidasy 20,213 Adama Ýetdi
Ýer Titremesinde Çekilen Adam Pidasynyň Sany Artýar
Donbassyň Şäherlerinde Agyr Ýitgi Çekildi
Peskow Russiýanyň Ukrainadan Täze Ýyla Çenli Çekilmejekdigine Ünsi Çekdi