ABŞ-nyň ,Eýrana garşy iň ýokary basyşynyň şowsuz kampaniýasynyň dowamy

ABŞ-nyň ,Eýrana garşy iň ýokary basyşynyň şowsuz kampaniýasynyň dowamy

Trumpyň administrasiýasynyň soňuna Iki aý galanda, Trump, Eýrana iň ýokary basyş etmek kampaniýasynyň çäginde her hepde täze sanksiýalary girizmegi wada berdi.

Şunuň bilen baglylykda ABŞ-nyň Gaznadarlyk ministrligi 18-nji noýabrda, Eýrana täze sanksiýalaryň girizilendigini habar berdi.ABŞ-nyň Gaznadarlyk ministrliginiň web sahypasyndaky sanawa görä, SDN adly täze sanksiýalar sanawynda dokuz adam şol sanda Eýranyň aňtaw ministri Seýid Mahmud Alawi we Garyplar gaznasynyň başlygy Seýid Parwiz Fattah we 49 edara we bir gämi hem bar.

Waşington, Eýranyň aňtaw ministrini SDN sanawyna goşdy we ony "adam hukuklaryny" bozmakda aýyplady.ABŞ-nyň Gaznadarlyk ministrligi sanksiýalaryň sebäplerini düşündirmek üçin beren beýanatynda: "Yslam rewolýusiýasynyň Garyplar gaznasy bilen baglanyşykly kompaniýalar sanksiýalar sanawyna girizildi" diýip getirildi.

sanksiýalara duçar bolan Bu kompaniýalar köp sanly ykdysady, täjirçilik, senagat we nebiti arassalamak işleri bilen meşgullanýar.ABŞ-yň Gaznadarlyk ministrliginiň yglan etmeginden gysga wagt soň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Eýrana edilýän iň ýokary basyş kampaniýasynyň henizem täsirli bolandygyny ýazdy.

Trump administrasiýasy tarapyndan täze sanksiýalar sanawynyň yglan edilmegi, iň ýokary basyş kampaniýasy görnüşinde kesgitlenen Waşingtonyň Tährana garşy alyp barýan syýasatynyň dowam etdirilmegini nygtamak üçin propaganda ädimidir.Donald Trumpyň 2020-nji ýylyň noýabr aýynda ABŞ-da geçirilen prezident saýlawynda ýeňilmegi yglan edilenden soň onuň administrasiýasyndan bary-ýogy iki aý galandyr.

ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileriniň pikiriçe, hepdede bir sanksiýa barada pikir alyşylsa-da, Trump bu döwürde Eýrana garşy birnäçe sanksiýalary yglan etmekçidir.Soňky aýlarda Trump administrasiýasynyň esasy maksady Eýrana garşy ýarag sanksiýalaryny uzaltmakdy emma Amerikanyň bu tagallasy netijesiz bolandyr.

Trump administrasiýasynyň şowsuzlygyna garamazdan, Waşington öz maksadyna ýetmek umydy bilen sanksiýalary dowam etdirýär.Günbatarly synçylaryň pikiriçe, bu kampaniýa başa barmady we Trump administrasiýasy diňe abraýyny goramak üçin muny dowam etdirýär.

Donald Trumpyň Eýrana garşy alyp barýan syýasatynyň seljermesinde "Donald Trumpyň prezidentliginiň möhletiniň gutarmagyna bary-ýogy iki aý galanda, indi sanksiýa salmak uçin zat galan däldir.Trump administrasiýasynyň başlan döwrüne garamazdan, sanksiýalaryň gaýtadan girizilmegi Eýrany has berk şertnama baglaşmak üçin gepleşik stoluna getirmedi. "Maksimum basyş" hem Eýrany saklamady.

Beýleki tarapdan, koronawirus epidemiýasy we ýokaşan adamlaryň sanynyň köpelmegi we ölenleriň sany sebäpli ABŞ-nyň Eýrana garşy birtaraplaýyn sanksiýalarynyň ýatyrylmagy baradaky çagyryşlar köpeldi we bu ugurda geçirilen soňky çärede ABŞ-nyň Demokratik kanun çykaryjylarynyň 75-sinden ybarat bir topar Sişenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretaryna we gaznadarlyk ministrine ýazan hatynda ,olar ,Eýrana garşy sanksiýalaryň azaldylmagyny islediler.

Olar Trump administrasiýasyny sanksiýalary ýeňilleşdirmek barada ylalaşyp, koronawirus epidemiýasy üçin Eýrana laboratoriýa esbaplaryny, emeli dem alyş enjamlaryny we beýleki lukmançylyk enjamlaryny ibermäge rugsat bermäge çagyrdylar.Sanksiýalary azaltmak baradaky halkara we içerki çagyryşlaryň barha artýandygyna garamazdan, Trump Ak-tamda galan döwründe Eýrana garşy adamkärçiliksiz sanksiýalar syýasatyny üýtgetmedi .

Bu, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýran bilen baglanyşykly paýhassyz we bikanun maksatlaryna ýetmek üçin gyzyl çyzygyň ýokdugyny görkezýär we şonuň üçin indi Eýranyň lukmançylyk ulgamyna iň ýokary basyş syýasatyny iş ýüzünde görkezýär. Şeýle-de bolsa, Eýran iň ýokary çydam syýasatynyň çäginde ABŞ-nyň giň we birtaraplaýyn sanksiýalaryna üstünlikli garşy çykmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial synplar’ (1-nji bölüm)
Belentden ýaňlanan owazlar
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'
Lebabyň häkimiýetleri hojalyk jaýlaryndaky gaz peçleri barlamak işlerini batlandyrdy
BMG: dünýä baýlygynyň az adamlaryň elinde jemlenmegi görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi