
Türkmenistanda saglygyny dikeltmek üçin operasiýa etdirmeli, bedeniniň ol ýa-da beýleki agzasyna tyg urdurmaly bolýan adamlaryň arasynda, ýeterlik iýmitlenmezlik zerarly, zerur bolan bejergini alyp bilmeýän raýatlaryň sanynyň barha köpelýändigi habar berilýär.
Ýurtdaky maglumat ýapyklygy, galyberse, habarçylary bilen gürleşýän näsaglaryň, hünärmenleriň howpsuzlyk aladalary sebäpli, Azatlyk anyk sanlary, adam atlaryny berip bilmeýär.
Saglyk hünärmenleri türkmençilikde köp adamyň keseli halys ötüşýänçä lukmanlara ýüz tutmaýandygyny, bu meselede garyplygyň hem uly rol oýnaýandygyny aýdýarlar.
Paýtagtyň hassahanalaryna agyr ýagdaýda getirilýän hassalar, ol ýa-da beýleki beden agzalarynda gyssagly operasiýa geçirmeli bolsa, gan barlagyndan we beýleki barlaglardan geçirilýär.Barlaglaryň netijesi hassalaryň operasiýany göterjekdigini ýa-da däldigini, ýagny olary operasiýa etmegiň näderejede howpludygyny ýa howpsuzdygyny çaklamak mümkinçiligini berýär, köp hassa ganynyň düşümindäki süýjiniň aşa az bolmagy sebäpli bejergi alyp bilmeýär diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen saglyk hünärmeni düşündirdi.
"Kesilen ýerleriň ýarasy aňsat bitmeýär"Onuň sözlerine görä, öýkeninde, aşgazanynda, içegede köp duşýan ýaralary, çişi kesip aýyrmaly bolanda, barlag geçiren lukmanlar näsagyň ganynyň düzümindäki gimoaglogenin, ýa-da gemoglobin 100 göterimden pes bolan halatynda, kesilen ýeriň ýarasynyň aňsat bitmeýändigini aýdýarlar.
Şu sebäpden, aýdylmagyna görä, bu hili ýagdaýdaky hassany operasiýa etmezden öň, onuň bedenine donor ganyny goýbermeli bolýar.
Lukmanlar hassalarda köp duşýan gan azlygyny Türkmenistanda ilatyň aglaba böleginiň bol-elin däl, ýeterlik naharlanmak, iýip-içmek mümkinçilikleriniň bolmazlygy ýa juda çäkli bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
“Dürli-dümen iýip, beden zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga maddy mümkinçiligi bolmadyk adamlaryň kesele garşy durýan immuniteti, garşylyk güýji peselýär we olar her hili kesellere duçar bolýar” diýip, çeşme aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen adamlar ýurtda beden agzalarynda dörän ýaralaryny hirurgik usulda, kesip aýyrmaly we tikmeli bolýan adamlaryň sanynyň öňki ýyllara garanda has köpelendigini aýdýarlar. Emma Azatlyk, maglumat ýapyklygy sebäpli, bu aýdylýany tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
“Birnäçe sagada çekýän dowamly operasiýa edilende, bedeni ejiz, güýçden gaçan bolanda, näsag bu hili operasiýalary götermeýär. Aslynda, bu hili ýagdaýdaky adamlarda beýle operasiýalary geçirmek mümkin bolmaýar” diýip, çeşme aýtdy.
Maddy mümkinçiligi bolan ýagdaýynda, beden agzasyna tyg uruljak hassany, medisina operasiýasyndan öň birnäçe gün ýa-da hepdeläp taýýarlamaly, munuň üçin dürli witaminler, gerekli beloklar, mikroelementler gerek, şeýle-de hassanyň bedenine gan goýbermeli.
"Ol diňe şondan soň, barlagyň netijelerine görä, geçiriljek operasiýa taýyn bolan ýagdaýynda belli karara gelmeli” diýip, çeşme aýtdy.
Ýurtdaky bahalar, aýlyklar näsaglaryň 'umydyny ogurlaýar'Ýurtdaky bahalary, aýlyklary we azyk ýetmezçiligini nazara alanyňda, operasiýa hakyky manysynda taýyn bolmak’ we operasiýadan soňky talaplary berjaý etmek köp adama başartmaýar.
“Gerek deregi ýykar” diýleni, paltasy daşa degen adamlar, çykgansyz ýagdaýda galyp, öý goşlaryny satyp, donor ganyny we gerekli dermanlary, witaminleri satyn almaly bolýarlar” diýip, çeşme adamlaryň garaşsyzlyk ýyllaryndan öň gazanan ýa-da ata-enesinden miras galan zatlaryna daýanmaly bolýandygyny öňe sürdi.
Habarçymyz bilen gürleşen hünärmenleriň we näsaglaryň tassyklamagyna görä, Aşgabatdaky gan merkezinde näsaglar üçin gaty zerur bolan donor gany hemişe diýen ýaly ýiti ýetmezçilik edýär.
Hassalaryň hossarlary gyssagly gerek bolan donor ganyny gözläp, gan merkezine ýüz tutan wagtynda, birnäçe ýaşaýjynyň tassyklamagyna görä, gan merkeziniň lukmany “gan gerek bolsa, tanyş-bilişleriňiziň, hossarlaryňyzyň arasyndan gan tabşyrjak adamlary tapyp geliň” diýýär.
“Donor ganyny aljak adamlar näçe gan tabşyrsa, şonça hem gan alyp bilýär” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Munuň sebäbi, gan merkezinde aýtmaklaryna görä, ätiýaçlyk üçin, berlen gan gorunyň öwezini dolmak zerurlygy bilen düşündirilýär.
Türkmen hökümeti, hünärmeniň tassyklamagyna görä, ýurtda dowam edýän gan ýetmezçiliginiň agyr dereje ýetmezligi üçin, ýurduň ýaragly güýçleriniň ýolbaşçysyna esgerleriň wagtly-wagtynda hökmany suratda gan tabşyrmaklaryny üpjün etmek barada buýruk berdi.
Azatlyk radiosy, maglumat ýapyklygy sebäpli, bu aýdylýanlary ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bilýär.
“Welaýatlarda we paýtagtda bar bolan harby bölümleriň esgerleriniň ählisi, uçdantutma gan tabşyrmaga borçly edildi. Häzirki wagtda hassalaryň hossarlary 100 gram gany 250 manada satyn almaga mejbur bolýarlar” diýip, çeşme aýtdy.
Türkmen metbugaty ýurtda ilatyň saglygy üçin uly alada edilýändigini tekrarlaýar, ýöne näsaglaryň sany, köpelýän keselçilikler, gan azlygy we beýlekiler barada dymmak ýörelgesine berk wepaly bolmagynda galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.