BMG: dünýä baýlygynyň az adamlaryň elinde jemlenmegi görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi

BMG: dünýä baýlygynyň az adamlaryň elinde jemlenmegi görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi

Deňsizlik, daşky gurşawyň ýumrulmagy we adamzadyň kynçylyklaryň öňündäki biçäreligi— bular häzirki ählumumy ykdysady ulgamyň kemçilikleri däl-de, aýryp bolmajak häsiýetleridir. Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Sosial ösüşiň ylmy-barlag inistitutynyň täze çap eden nutugynda şeýle netijä gelinýär.

Bu barada BMG-niň news.un.org resmi saýty habar berýär.

Deňsizligiň krizisleri diýen resminama oktýabr aýynda bellenýän Garyplyga garşy göreşiň Halkara gününe gabatlanyp çap edildi. Nutugyň awtorlary deňsizligiň we planetadaky krizisleriň düýp sebäplerini diňe giň möçberdäki ulgamlaýyn özgertmeler arkaly aradan aýryp boljakdygyny belleýärler.

Nutukda şeýle-de dünýä baýlygynyň azlygyň elinde jemlenmeginiň görlüp-eşidilmedik möçberlere ýetendigi, şol bir wagtda Zeminde garyplygy azaltmak ugrundaky çäreleriň haýallandygy, käbir ýerlerde bolsa, munuň yzyna gaýdyş edendigi aýdylýar. Koronawirus pandemiýasy bu ýagdaýlary has-da ýitileşdirdi hem-de ählumumy syýasy ulgamyň sarsgynlara garşy ejizdigini görkezdi.

Soňky ýyllarda Gündogar we Günorta Afrikanyň ýurtlary sil joşmalaryna, guraklyga we howa bilen bagly beýleki hadysalara köp uçraýarlar.

BMG-niň maglumatlaryna görä, pandemiýa sebäpli, goşmaça 120 million adam aňrybaş derejedäki garyplyga uçrady. Credit Suisse bankynyň barlaglaryna görä, şu döwürde çakdanaşa baý ýaşaýan adamlaryň sany 50 göterim artdy. Energiýa serişdeleriniň we azyk önümleriniň nyrhlary birden ýokarlandy; dünýäde emele gelen syýasy çaknyşyklaryň netijesinde dünýä uçudyň gyrasynda dur diýip, nutugyň awtorlary ýazýarlar.

Ýene degişli makalalar

Balkanyň häkimiýetleri kafelere duýduryş paýlap, “soňky jaň” oturyşlyklarynyň öňüni almaga çalyşýar
Türkmen alymlary Ispaniýada iş saparynda boldular
Lebapda dollar ýene gymmatlady, harytlaryň nyrhy 20% ýokarlandy
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'
Lebabyň häkimiýetleri hojalyk jaýlaryndaky gaz peçleri barlamak işlerini batlandyrdy