The Guardian: garyp ýurtlar saglygy goraýşa 4 esse az pul sarp edýärler

The Guardian: garyp ýurtlar saglygy goraýşa 4 esse az pul sarp edýärler

COVID-19 pandemiýasy döwründe baý we garyp ýurtlaryň arasynda durmuş derejesi babatda deňsizlik has-da ýokarlandy. Bu barada The Guardian neşiri habar berdi diýip, Belta.by saýty ýazýar.

Garyp ýurtlaryň aglabasy saglygy goraýyşdaky kynçylykly ýagdaýa garamazdan, durmuş ulgamyna çykdajylary kemeltdiler. Oxfam halkara haýyr-sahawat guramasynyň nutugynda bellenilişi ýaly, Günbatardan karz maliýe serişdelerini alan ösüp barýan ýurtlar bu gün saglygy goraýşa garanda, karzlary üzlüşmek üçin dört esse köp pul sarp edýärler. Şunda bilim ulgamyna hem karzlary üzlüşmekden iki esse az serişde harçlanýandy bellenýär.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, ösýän döwletler saglygy goraýşa bölünip berlen her dollaryň deregine Günbatara karzlaryny üzlüşmek üçin dört dollar tölemeli bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, garyp ýurtlar bu gün koronawirusa garşy göreşmekde täsirli çäreleri işläp düzmegi hem başarmaýarlar. Oxfam guramasynyň wekili Keti Çakraborti şunda Günbatar döwletleriniň ýagdaýy düzetmek üçin däl-de, eýsem, has-da çylşyrymlaşdyrmak üçin syýasat alyp barýandyklaryny aýdýar.

Nutukda öňdäki baş ýylyň dowamynda ösýän döwletleriň dörtden üç böleginiň döwlet çykdajylaryny 7,8 trillion dollara çenli kemeltmegi meýilleşdirýändikleri bellenýär. Netijede bolsa baý we garyp ýurtlaryň arasynda durmuş derejesi babatda deňsizlik has-da ýitileşer.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanda suw süýşgünleri sebäpli 11,3 müň adam göçürildi
Türkiýede ýolagçy awtobusy jara, Pakistanda jülgä gaçdy
Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Keniýada we Somalide güýçli çabgalardan 30 adam pida boldy
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy
8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk Dolandyryşlarynyň Başlyklarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler
Ýapon hünärmeni Türkiýede täze ýer titremesini çaklaýar