Lebapda dollar ýene gymmatlady, harytlaryň nyrhy 20% ýokarlandy

Lebapda dollar ýene gymmatlady, harytlaryň nyrhy 20% ýokarlandy

Lebap welaýatynda dollaryň gara bazardaky nyrhy ýene gymmatlap, mundan üç hepde ozalky bahasyna ýokarlandy. Bu ýagdaý Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda azyk harytlarynyň nyrhynyň ýene gymmatlamagyna getirdi.

13-nji dekabrda sebitde gara bazar söwdagärleri bir amerikan dollaryny 19 manatdan satyn alyp, 20 manatdan satyp başladylar.

Ýatlatsak, ýurtda dollaryň gara bazardaky nyrhy geçen aýyň ahyrynda aşaklap başlapdy. Şu aýyň başynda onuň nyrhy 15 manat 50 teňňä çenli aşaklady. Bu ýagdaý gysga wagt dowam etdi we dollaryň gara bazar bahasy ýene ýokarlanyp başlady.

Bu waka Milli Geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli puluň hümmetiniň durnuklylygyny saklamagyň ähmiýetini nygtamagynyň yz ýanyna gabat geldi. Söwdagärler bu çäräni "häkimiýetleriň baýramçylygyň öň ýanynda, harytlary arzanlatmak üçin oýnaýan oýny" atlandyrdylar.

Dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manatlygynda saklaýan Türkmenistan 2016-njy ýylda daşary ýurt walýutasynyň erkin söwdasyny çäklendirdi. Şondan soň ýurtda walýutanyň gara bazary emele geldi.

Lebapda dollaryň gaýtadan gymmatlamagy azyk harytlarynyň, şol sanda Täze ýyl baýramy üçin niýetlenen sowgatlaryň bahasynyň dessine 20% çemesi ýokarlanmagyna getirdi.

"Häzirki wagtda ýönekeý irisli süýjiniň bir kilogramy 40 manat, şokoladly süýjiler 60-100 manat, kişmiş 100 manat, şor şänik 120 manat, hoz 150 manat bahalanýar. Çagalar üçin niýetlenen, içi süýji we kökelerden doldurylan haltajyklaryň, Täze ýyl sowgatlarynyň bahasy hem azyndan 20% gymmatlady" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Gymmatlama miwe önümlerinde hem duýulýar. Häzirki wagtda:

1 kg mandarin 20 manat,

1 kg apelsin 35 manat,

1 kg sary alma 15 manat,

1 kg gyzyl alma 20 manat,

1 kg nar ýa-da hurma 30 manat bahalanýar.

Söwdagärler gymmatlamanyň sebäpleri barada anyk bir düşündiriş bermeýärler. Azatlygyň bu barada welaýatyň söwda edarasyndan kommentariýa almak synanyşygy hem başa barmady.

Ýaşaýjylar dollaryň gara bazardaky nyrhynyň aşaklamagy bilen, azyk we senagat harytlarynyň bahalarynyň arzanlamandygyny ýatladyp, häzirki gymmatlamadan juda nägile bolýarlar.

"Alýan aýlygymyz 2000 manatdan geçmeýär. Azyk, senagat harytlary, durmuş hyzmatlary bolsa, günsaýyn diýen ýaly gymmatlaýar. Häkimiýetler bazarlara, nyrhlara düýbünden gözegçilik etmeýärler. Öňler iň bolmanda Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda bazarlara gözegçilik edilerdi. Bu ýyl şol hem ýok" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, sebitde alkogol we temmäki önümleriniň bahasy hem azyndan 10% gymmatlady.

"Öň adaty bir çilimiň gutusy 80 manatdan satylýardy. Häzir diňe lomaý alsaň, ýagny bloklap birnäçe gutuny birde alsaň, şol bahadan berýärler. Ýogsam, bir guty çilim üçin 88-90 manat tölemeli bolýar. Alkogol önümlerinde hem şeýle ýagdaý gaýtalanýar" diýip, habarçy aýtdy.

Bu waka Türkmenistanda alkogol we temmäki önümleriniň ýurda getirilmegine degişli goşmaça salgytlaryň möçberiniň ýene artdyrylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanyň hökümeti 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyklaryň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberiniň 10% artdyryljakdygyny yglan etdi. Emma adatça bolşy ýaly inflýasiýanyň we işsizligiň derejesi baradaky sanlary agzamady.

"Aýlyklar her ýyl 10% ýokarlanýar. Ýöne azyk we senagat harytlarynyň, şeýle-de durmuş hyzmatlarynyň, aýlyklardan dürli maskatlar üçin tutulýan tutumlaryň möçberi azyndan 70-80% gymmatlaýar. Bu ýagdaý ýokary derejeli döwlet işgärleri üçin bildirmeýär. Bu ýagdaý garyp halka bildirýär. Garyplar ýyl-ýyldan has-da garyplaşýar" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial synplar’ (2-nji bölüm)
Balkan: Gara bazarda dollar, dükanlarda harytlar gymmatlaýar
Lebapda käbir hyzmatlaryň nyrhy 100%-e çenli gymmatlady
Häkimiýetler nägile raýatlardan nägile bolýar
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Jidda şäherine geldi, Aşgabatda dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görülýär, Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi we beýleki habarlar
Resmi Kepil HJ fiziki we ýuridik şahslara ätiýaçlandyryşyň 20 görnüşini hödürleýär
Gymmat bahadan satylmagyna garaşylýar