ABŞ-nyň iň uzyn adamy aradan çykdy

38 ýaşly Igor Wowkowinskiý ABŞ-nyň Minnesota ştatynyň Roçester şäherindäki Maýo hassahanasynda ýürek ýetmezçiliginden aradan çykdy.

Asly ukrainaly Wowkowinskiý 1989-njy ýylda Maýo hassahanasyna ýüz tutup gelýär.Onuň ösüş gormonynyň adaty bolmadyk bölünip çykmagy ABŞ-da iň uzyn adam bolmagyna sebäp bolýar.Onuň boýy 2 metr 34,5 sm bolup, saglygyny dikeldenden soň Roçester şäherinde galýar.

Igor Wowkowinskiý göwresiniň ululygy we boýunyň uzynlygy sebäpli tiz wagtda ABŞ-da meşhurlyga eýe bolup, “Doktor Oz” teleşowynda çykyş etmäge çagyrylýar. Ol öňki Prezident Barak Obamanyň 2009-njy ýyldaky saýlaw kampaniýasynda “Obamanyň dünýädäki iň uly goldawçysy” diýen futbolka geýipdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýä ýurtlarynyň prezidentleri günde näçe sagat ýatyp ukusyny alýarlar
9/11 ýyl dönümi: 11-nji sentýabr hüjümleri, terrora garşy global uruş we Merkezi Aziýa
2021-nji ýylyň iň abraýly adamlarynyň sanawy yglan edildi
Ak Tamda 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek pişik mesgen tutdy
Şamhani: Amerikada Wenada syýasy karar bermek üçin ylalaşyk ýok
ABŞ we Owganystandaky DAEŞ-dan ar alyş talaplary