9/11 ýyl dönümi: 11-nji sentýabr hüjümleri, terrora garşy global uruş we Merkezi Aziýa

9/11 ýyl dönümi: 11-nji sentýabr hüjümleri, terrora garşy global uruş we Merkezi Aziýa

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabry ýakyn dünýä taryhynyň iň ganly sahypalarynyň biri boldy.

20 ýyl mundan ozal, 11-nji sentýabrda alnyp gaçylan uçarlar bilen ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Bütindünýä söwda merkezine, ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň Waşingtonda ýerleşýän baş binasyna Pentagona amala aşyrylan hüjümler üç müňe golaý jan aldy. Alnyp gaçylan dördünji uçar Pensilwaniýa ştatynda ýykyldy. Bu heläkçilikde 44 adam öldi.

Terror hüjümleri dünýäni sarsdyrdy. Hüjümleriň jogapkärçiligini “Al-Kaýda” terror topary öz üstüne aldy.

19 terrorçy ABŞ-nyň howa giňişliginde dört uçary alyp gaçyp, ganly terror aktlaryny amala aşyrdy.

9/11 terror hüjümleri

20 ýyl mundan ozal, 11-nji sentýabrda nämeler boldy?

Ilki bilen, 11-nji sentýabr güni irden sagat 8:46-da terrorçylaryň ugruny üýtgeden 11 gatnawly “Boing-767” uçary Nýu-Ýorkdaky Bütindünýä söwda merkeziniň, “Ekizler binasynyň” demirgazyk diňini süsdi.

Aradan 17 minut geçensoň, alnyp gaçylan ikinji ýolagçy uçar 9:03-de “Ekizler binasynyň” günorta diňine baryp urdy.Adamzadyň gözüniň öňünde bolup geçýän pajygaly terror hüjümlerini tutuş dünýä aňk-taňk bolup, şok ýagdaýynda tas göni ýaýlymda diýen ýaly synlaýardy.

Halkara habar kanallary yzly-yzyna gyssagly habar hökmünde pajygaly wakany dünýä ilatyna habar berýärdi.

“Ekizler binasy” adamzadyň gözüniň öňünde sähel sekundyň içinde ýer bilen ýegsan boldy. Ýykgynçylyk üç müňe golaý jan aldy. Gahar-gazap, aljyraňňylyk, aňka-taňkalyk, gynanç, ahmyr, gussa Nýu-Ýorkyň köçelerini lerzana getirýärdi.

Ýumrulan diňleriň heniz tozany doly ýatyşmanka, “American Airlines” howa ýollary kompaniýasynyň alnyp gaçylan 93 gatnawly “Boing 757” ýolagçy uçary ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň baş binasyna Pentagona baryp urdy. Bu heläkçilikde uçardaky ýolagçylar bilen bilelikde jemi 189 adam öldi.

Dünýä şok boldy. ABŞ şok boldy.

Üçünji hüjümden heniz kän wagt geçmänkä, alnyp gaçylan dördünji uçar irden sagat 10:03-de ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynda ýykyldy. Bu heläkçilikde 44 adam öldi. Howa gämisiniň ekipažy we ýolagçylar uçaryň gözegçiligini terrorçylardan yzyna almaga synanyşanlarynda bu uçar ýykylypdyr.

Şeýlelikde, 2001-nji ýylyň, 11-nji sentýabry dünýäniň ýakyn taryhyna iň ganly seneleriň biri hökmünde girdi.

Raýdaşlyk

“Ýöne biz şol güni umytsyzlyk bilen ýatlamaly däl” diýip, “Forbes” žurnaly 11-nji sentýabr tragediýasyna bagyşlanan ýörite makalasynda aýdýar.

“Osama Bin Ladin biziň milli erkimiz Ekizler binasy’ bilen bile küle sowrular öýdendir. Ýöne ol düýpli ýalňyşdy” diýip, makala dowam edýär.

“Birinjilik bilen, şol gün we onuň yz ýany bolan zatlar bizde raýat jemgyýetiniň nähili berkdigini aýdyň görkezdi. Öz akymlaýyn tagallalar köpeldi: restoranlar adatdan daşary ýagdaýlar boýunça işgärlere nahar eltip berdi; ýerli harbylar gysylyp galan müňlerçe adamy halas etdi; özbaşdak raýatlar we toparlar ejir çeken Nýu-Ýork şäherine yzly-yzyna serişde iberip başlady. Ýurduň ähli künjeklerinden şepagat uýalary, lukmanlar, ýangyna garşy göreşijiler, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri we başga-da bir topar adamlar öz başlangyçlary bilen meýletin ýardam bermek üçin şähere geldiler...

Hemmeler ozal görlüp-eşidilmedik krizise garşy göreşmek üçin goşmaça tagalla edýän ýalydy” diýip, “Forbes” ýazýar.

Terrorçylaryň ganly 9/11 hüjümleri jogapsyz galmady. Bu hüjümlere gaýtarylan jogap barada gepleşigimiziň dowamynda giňişleýin gürrüň ederis.

“Dünýä tertibiniň üýtgän güni”

Aslynda, analitiklere görä, 11-nji sentýabr dünýä tertibiniň üýtgän güni hökmünde taryha geçdi. 11-nji sentýabr dünýäniň syýasy giňişliginde öwrüm nokady boldy.

ABŞ-da amala aşyrylan 11-nji sentýabr terror hüjümleri gysgaldylyp aýdylanda 9/11 wakalary hökmünde ýatda galdy. Geň tötänlik, 911 Birleşen Ştatlarda adatdan daşary gyssagly ýagdaýlar üçin jaň edilip, kömek soralýan telefon belgisidir.

9/11 terror hüjümleri globallaşan dünýäde terroryň, ýykgynçylygyň transmilli häsiýete eýe bolandygynyň aýdyň mysaly boldy.

Ganly hüjümleriň yz ýany, ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda dünýäde terrorçylyga garşy global uruş yglan edildi. Munuň bilen, dünýä arenasy “Terrora garşy global uruş” adalgasy bilen tanyşdy.

“Al-Kaýda” terror toparynyň ýolbaşçysy Osama Bin Ladin 9/11 hüjümlerini toparyň öz üstüne alýandygyny aç-açan mälim edensoň, dünýäniň ünsi ýene bir gezek Owganystana gönükdirildi. Sebäbi şol döwürler Owganystanda häkimiýet başynda bolan “Talyban” “Al-Kaýda” ekstremist toparynyň jeňçilerine beýemçilik etmekde, olara eýe çykmakda aýyplanýardy.

Metbugat arhiwlerine görä, ABŞ pajygaly wakanyň yz ýany, “Talybandan” hüjümden jogapkär adamlary, “Al-Kaýda” terrorçylaryny, şol sanda Osama Bin Ladini özlerine bermegi sorady. “Talyban” muny ret etdi.

Şeýlelikde, 2001-nji ýylyň 7-nji oktýabr güni Birleşen Ştatlaryň şol wagtky prezidenti Jorj Buş (George W. Bush) “Terrora garşy global uruş” yglan etdi we ABŞ Owganystana goşun girizdi.

Dünýä syýasatynda we halkara gatnaşyklarda 10-njy sentýabrdan nam nyşan galmajagy, hiç zadyň öňki-öňkülik bolmajagy “mese-mälim” görnüp durdy. 9/11 wakalary, ozalam belleýşimiz ýaly, dünýä üçin öwrüm nokady boldy.

Maglumat üçin aýdylsa, Owganystan gündogarda Hytaý, günortada we gündogarda Pakistan, demirgazykda ozal Russiýanyň agalyk eden Merkezi Aziýa ýurtlary Özbegistan, Täjigistan, Türkmenistan we günbatarda Eýran bilen serhetleşýär.

Terrora garşy global urşuň bosagasynda ABŞ Merkezi Aziýa gatnaşyklary

Eýsem, ABŞ-nyň Owganystana goşun girizmegi ýurduň demirgazyk goňşularyna, Sowet Soýuzyndan garaşsyzlyk alanyna ýaňy bir 10 ýyl dolan Merkezi Aziýa ýurtlaryna Özbegistana, Täjigistana, Gazagystana, Gyrgyzystana we Türkmenistana nähili ýaň saldy?

Käbir günbatar ylmy merkezleriniň bellemegine görä, ABŞ Owganystanda terrora garşy girişen urşunyň ilkinji tapgyrynda Moskwadan aýraçylyga heniz doly öwrenişmedik Merkezi Aziýa ýurtlarynyň käbirinde harby baza gurdy.

Düýbi Londonda ýerleşýän “Chatham House” ylmy merkeziniň bellemegine görä, Russiýada şol döwürler ýaňy bir häkimiýet başyna gelen Wladimir Putin ABŞ-nyň käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynda harby baza gurmagyna ýardamçy bolupdyr.

Habar berilmegine görä, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin şol wagt ABŞ-nyň prezidenti Jorj Buşa jaň edip, ilkinjilik bilen gynanjyny bildiren daşary ýurt lideri bolupdyr. Gynanç bildirmek barada aýdylanda, şu ýerde Türkmenistan bilen bagly bir wakany belläp geçmek ýerlikli bolar.

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally 10-njy sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda pajygaly 11-nji sentýabr wakalary boýunça Türkmenistanyň şol wagt ABŞ-a gynanç bildirmändigini gürrüň berdi. Ol hut şol gynanç bildirmezlik sebäpli Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň metbugat sekretary Kakamyrat Ballyýewiň wezipesinden boşadylandygyny habar berdi.

Metbugat arhiwlerinden çen tutulsa, Kakamyrat Ballyýew, hakykatdan-da, 11-nji sentýabr wakalarynyň yz ýany, 2001-nji ýylyň 14-nji sentýabr güni “işde goýberen düýpli kemçilikleri” üçin wezipeden boşadylypdyr.

ABŞ-nyň Owganystana goşun girizmeginiň Merkezi Aziýadaky ýaňy bilen bagly gürrüňiň dowamyny ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça bölüminiň şol wagtky direktory Riçard E. Hoglanddan (Richard E. Hoagland) diňläliň.

ABŞ-nyň Täjigistandaky we Gazagystandaky öňki ilçisi Riçard E. Hoglandyň Eurasianet.org neşirinde çap eden ýatlamasyna görä, 2001-nji ýylyň oktýabr aýynyň başlarynda amerikan wekiliýeti Özbegistanyň bir harby howa bazasyny ulanmak bilen bagly gepleşik geçirmek üçin Daşkende sapar edýär. ABŞ goşuny bu harby bazany Owganystandaky “Al-Kaýda” jeňçilerine hüjüm taýýarlyklarynyň çäginde ulanmak isleýär.

“Adaty şertlerde, şeýle gepleşikler birnäçe aýlap dowam edip bilýär. Ýöne bizde onça aý ýokdy. Özbek tarapy, sag bolsun, bu işiň gyssaglydygyny ykrar etdi.Aslynda, biz muny ol döwür bilmeýärdik, ýöne [soň eşidip otursak] rus prezidenti Wladimir Putin özbek prezidenti Islam Karimowa amerikanlara jaý bermegi tabşyran ekeni.

Sebäbi, muny şeýle etmeklik Daşkendiň-de, Moskwanyň-da bähbidine boldy” diýip, öňki ilçi ýatlaýar.

Amerikan we özbek wekiliýetleri howa bazasy boýunça ylalaşygyň tekstini taýýarlamak üçin 36 sagat sarp edýär. Ilçiniň ýatlamasyna görä, ABŞ-nyň “Al-Kaýda” hüjüm etmegi bu ylalaşyga gol çekilmeginden bary-ýogy birnäçe sagat soňra başlaýar.

Şeýle-de, ilçiniň ýatlamalaryna görä, ABŞ goşuny Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň Manas halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşýän howa bazasyny ulanmak boýunça gyrgyz häkimiýetleri bilen hem ylalaşýar.

ABŞ-nyň harby bazalary boýunça köpçülige elýeterli onlaýn maglumatlara görä, ABŞ-nyň Gyrgyzystandaky öňki Manas harby bazasy 2001-nji ýylyň gyşynda örän gysga wagtyň içinde gurlup ulanylmaga berilýär.

Öňki ilçiniň ýatlamalaryna görä, ABŞ ilkibaşda harby howa bazasy boýunça Täjigistana-da haýyş bilen ýüz tutýar. Ýöne soňra ABŞ-nyň Goranmak ministrligi bu harby bazadan el çekýär.

Muňa garamazdan, öňki ilçiniň ýatlamalaryna görä, ABŞ goşuny öz söweş uçarlaryna ýangyç guýmak üçin Täjigistanda düşlemäge rugsat alýar.

“Türkmenistan hem ýangyç guýmak üçin [düşlemäge rugsat berdi]. Ýöne “hemişelik bitarap Aşgabat” ABŞ harbylary kän bir göze ilmez ýaly, öz çäginde olaryň harby uniforma däl-de, raýat eşikde gezmegini tutanýerlilik bilen aýtdy” diýip, ilçi ýatlaýar.

Galyberse-de, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gazagystan, eger-de ABŞ harby uçarlary haýsydyr bir sebäp bilen Manasa gonup bilmese, olara öz çägine gonmaga rugsat berýär.

"Bularyň ählisi ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bilen aradaky gatnaşyklarynyň düýbünden täze derejesi boldy" diýip, ilçi terrora garşy global urşuň irki tapgyrynda ABŞ-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ylalaşan harby ylalaşyklaryny ýatlaýar.

“1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargap, olar garaşylmadyk ýagdaýda garaşsyzlyk alansoň, ABŞ bu täze ýurtlar barada az bilýärdi. Bu ýurtlaryň özleri hem özleriniň nähili ýurt boljakdyklary, bolmalydyklary barada, öz rollaryny nähili ýerine ýetirmelidikleri barada kän bir bilip baranokdy” diýip, öňki ilçi aýdýar.

“Ýöne, biziň sebit bilen aradaky täze harby ylalaşyklarymyz bize täze raýat ylalaşyklarynyň hem zerurdygyny aňladýardy” diýip, ol belleýär.

Öňki ilçi ABŞ-nyň götergileýän adam hukuklary, metbugat azatlygy, köppartiýaly demokratiýa ýaly gymmatlyklarynyň sebit ýurtlarynda goldaw tapmandygyny belleýär.

ABŞ Owganystana goşun girizýär

ABŞ 2001-nji ýylyň oktýabrynda Owganystana goşun girizip, häkimiýet başyndaky “Talybany” gysga wagtyň içinde häkimiýetden aýyrýar. Ýöne 9/11 hüjümleriniň planlaýjysy bolan Osama Bin Ladini tapmak biraz wagt alýar.

Ahyrsoňy, 10 ýyl soň 2011-nji ýylyň maýynda Bin Ladin Pakistanda ABŞ harbylary tarapyndan ele salynyp, öldürilýär.Bin Ladiniň öldürilmegi BMG, NATO, Ýewropa Bileleşigi we başga-da bir topar iri hökümetler tarapyndan makullandy.

Terrora garşy global urşa girişilmeginiň yz ýany ABŞ 2003-nji ýylda Ýakyn gündogar ýurdy bolan Yraga goşun saldy. Yragyň şol wagtky prezidenti Saddam Huseýin ýadro ýaraglaryna eýe bolmakda güman edildi.

ABŞ Yrakdan 2011-nji ýylda yza çekildi, ýöne belli bir harby kontingenti yzda goýdy.

Owganystanda uruş 20 ýyl dowam etdi. Geçen döwrüň dowamynda ABŞ-a Jorj Buş, Barak Obama, Donald Tramp we Jo Baýden ýolbaşçylyk etdi. Owganystana “Talybandan” soň ilki Hamid Karzaý, soňra Aşraf Gani ýolbaşçylyk etdi. Owgan halky zenan hukuklary, demokratik gymmatlyklar, saýlaw geçirmek, söz azatlygy, metbugat azatlygy ýaly gymmatlyklar bilen tanyşdy.

ABŞ Owganystandan goşun çekýär

Ýöne ABŞ-nyň öňki prezident Donald Tramp döwründe, 2018-nji ýylyň fewralynda ABŞ “Talyban” bilen Doha şertnamasyna gol çekip, Owganystandan çekilmek kararyny yglan etdi. Doha şertnamasy ýigrimi ýyl uruşdan ejir çeken ýurtda saýlawlar bilen häkimiýet başyna geçen Günbatar goldawly hökümet bilen “Talybanyň” owganara parahatçylyk gepleşikleri geçirmegine ýol açdy. Ýöne bu gepleşikler netije bermedi.

ABŞ prezidenti Jo Baýden 2021-nji ýylyň aprelinde ABŞ-nyň Owganystandan doly goşun çekýändigini yglan etdi. ABŞ goşun çekmek işlerini 2021-nji ýylyň 31-nji awgustynda tamamlady.

Ýöne onuň öň ýany, 20 ýyl ozal häkimiýetden agdarylan “Talyban” 15-nji awgustda “ýyldyrym çaltlygynda” Kabulda täzeden häkimiýeti ele geçirdi.

“Talyban” režiminiň berk çäklendiriji dolandyryşyndan gorkan owgan halky müňläp-müňläp ýurdy terk etdi. Şeýle-de, işden çetledilen Günbatar goldawly prezident Aşraf Gani, öz sözlerine görä, gandöküşikligiň öňüni almak üçin ýurdy terk etdi.

ABŞ uruş döwründe öz harbylaryna ýardam beren owganystanly terjimeçileri we beýlekileri mümkin boldugyndan ýurtdan ewakuasiýa etdi.

Kabul aeroportunda ýurdy terk edip barýan ABŞ harby uçarlarynyň ganatyna dyrmaşyp ýurtdan çykmakçy bolan birnäçe owganystanlynyň pajygaly ölümi bilen ýatda galan goşun çekmek işleri sebitiň geljegi boýunça käbir soraglary öz ýany bilen getirdi.

Her näme-de bolsa, ýaňy bir garaşsyzlyk alan Merkezi Aziýadaky postsowet ýurtlarynyň günorta alkymynda 20 ýyl bäri ABŞ ýaly iri dünýä güýjüniň harby goşuny bardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Uçar Gämisi Siriýanyň Golaýyna Çenli Geldi
Ysraýylyň Eýrana Hüjüm Başladandygy Habar Berildi
Türkiýe NATO-nyň Esasy Agzalaryndan Biri
ABŞ-na degişli uçarmansyz howa ulagy Gara deňize gaçdy
"Bu sebitde 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bolup geçen iň erbet ýer titremeleriň biridir"
Abrams Tanklarynyň Ukraina Gowşurlyş Işleri Birnäçe Aý Dowam Edip Biler
Russiýa Ukraina front liniýasyna on müňlerçe täze esger ugratdy