ABŞ-nyň Siriýadaky Bazasyna Hüjüm Guraldy

ABŞ-nyň Siriýadaky Bazasyna Hüjüm Guraldy

Ýerli çeşmelerden alynan maglumata görä Hasakanyň Ýarubiýe etrapçasynda Amerikan güýçleriniň ornaşan Harab Jir howa menzilindäki baza dronlar we raketaler bilen uruldy.

Hüjüm hakynda henize çenli beýannama berilmedi.

Ýefrat derýasynyň günbatar kenarynda ornaşan Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlar 2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Amerikan güýçleriniň ornaşan Omar nebit zolagynyň ýerleşýän bazasyna hüjüm gurapdy.

Soňky döwürde Siriýanyň Tenef sebitine, Yrak serhediniň golaýyndaky Malikiýýe etrabyna, Hasaka welaýatynyň Şaddadi etrabyna we Deýrizor welaýatynda Amerikan goşunynyň ornaşan bazalaryna kime degişlidigi näbelli dronlar we gury ýerden atylýan ýaraglar bilen hüjümler guralýar.

Eýran tarapyndan goldanýan toparlar Ýefrat derýasynyň gündogar kenaryndaky Amerikan bazalaryna wagtal-wagtal ýaragly we ýaragsyz dronlar bilen hüjüm edýär.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Eýrana Hüjüm Başladandygy Habar Berildi
ÝB Eýranyň Damaskdaky Konsullygyna Guralan Hüjümi Ýazgardy
BMG, Eýran-Ysraýyl Dartgynlygynyň Möwjemegine Alada Bildirýär
Türkiye Ysraýylyň Eýranyň Siriýadaky Ilçihanasyna Guran Hüjümini Ýazgardy
Stefan Dýužarrik Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna guralan hüjüm barada beýannama berdi
“Eýran Konsullygyna Guralan Hüjüme Degişli Gaýtawuly Görkezer”