ABŞ-nyň Wekiller Palatasynda Saýlaw Ýene-de Netijesiz Boldy

ABŞ-nyň Wekiller Palatasynda Saýlaw Ýene-de Netijesiz Boldy

Kongressiň aşakky böleginde köplügi eýeleýän respublikaçylar, partiýadaky düşnüşmezlikler sebäpli palatanyň başlygyny saýlap bilmedi.

Sese goýulşygyň 11-nji tapgyrynda respublikaçylaryň ýolbaşçysy Kewin MkKarty 200 ses alan hem bolsa, ýeterlik ses sanyna ýetip bilmedi.

MkKartyny goldamajakdygyny beýan eden 12 respublikaçy halk deputaty Baýron Donadsa ses berdi.

Respublikaçy 7 halk deputaty bolsa Kewin Herne ses berdi.

212 demokrat agzanyň ählisi bolsa partiýanyň lideri Hakim Jeffries üçin ses bermäge dowam etdi.

Wekiller Palatasynyň başlygynyň saýlanyp bilinmändigi sebäpli agzalar henizem kasam etmedi.

Wekiller Palatasynyň başlygy saýnamasa, palata işe girişip bilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Wekiller palatasynyň täze spikeri
Wekiller palatasynyň täze başlygy
Pelosi 2022-nji ýylyň aýagynda iş başyndan gidip biler
ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň täze başlygy saýlandy
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy