ABŞ Ormuz bogazynda Eýrana degişli iki drony hatardan çykardy

ABŞ Ormuz bogazynda Eýrana degişli iki drony hatardan çykardy

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi CENTCOM-yň X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Şu gün ir ertir ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky harby güýçleri Ormuz bogazynda halkara deňiz gatnawyny bökdän Eýrana degişli iki drony hatardan çykardy. Amerikan güýçleri Eýran tarapyndan abanýan howplara garşy özünü goramaga taýar” diýildi.

Eýran hem şenbe güni ABŞ-nyň Bahreýndäki we Kuweýtdäki harby bazalaryna raketa hüjümini gurapdy.

Waşington bilen Tähranyň arasynda çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin birnäçe hepde-den bäri geçirilýän aýlawly gepleşiklere garamazdan iki taraply hüjümler dowam edýär.

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi CENTCOM-dan şenbe berlen beýannamada, Aýlag ýurtlaryna guralan hüjümlerden soň Eýranyň Sirik we Keşm adasyndaky radar gözegçilik merkezleriniň nyşana alynandygy nygtaldy.

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny hem hüjümlere degişli gaýtawulyň görkezilendigini we ABŞ-nyň harby bazalarynyň nyşana alynandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-Eýran dartgynlygy sebäpli nebitiň bahalary ýokarlaýar
Arakçi Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleriniň bes edilmegini isledi
Ýakyn Gündogardaky söweş çuňlaşýar
Pakistanyň Içeri işler ministri Tähranda saparda boldy
Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny ABŞ-na degişli üç harby bazany nyşana alandygyny mälim etdi
Eýran Kuweýde dron hüjümini gurady