ABŞ Peşawerdäki başkonsullygyny ýapar

ABŞ Peşawerdäki başkonsullygyny ýapar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy hünärmenleriniň howpsuzlygy sebäpli Pakistanyň Peşawer şäherindäki başkonsullygynyň tapgyrlaýyn ýagdaýda ýapyljakdygyny mälim etdi.

ABŞ Pakistanyň Peşawer şäherindäki başkonsullygyny howpsuzlyk sebäpli ýapjakdygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannamada, Pakistanyň Owganystan serhedinde ýerleşýän Haýber Pahtunhwa sebitindäki Peşawer başkonsullugynyň hünärmenleriniň howpsuzlygy sebäpli tapgyrlaýyn ýagdaýda ýapyljakdygy, sebitdäki diplomatik gatnaşyklaryň paýtagt Yslamabatdaky ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan alnyp baryljakdygy nygtaldy.

Beýannamada ABŞ-nyň Pakistan bilen edýän gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigi, diplomatik gatnaşyklaryň Yslamabatdaky, Karaçidäki we Lahordaky wekilhanalary arkaly dowam etdiriljekdigi ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Ukraina 108,1 million dollarlyk Hawk raketa ulgamlaryny satar
Pakistanda guralan terrorçylykly hüjüm berk ýazgaryldy
Eýranyň Nur Han howa bazasyna harby uçar ugrandygy hakyndaky habarlar asylsyz
GDA AGZA ÝURTLARYŇ DEMIR ÝOL ULAGY BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ 84-NJI HALKARA MEJLISINE GATNAŞYJYLARA
Damaskda Goranmak ministrliginiň golaýynda bolan partlamada 1 esger ýogaldy
Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 783 adama ýetdi