ABŞ: "Russiýa Ukrainada ýadro ýarag ulanan halatynda netijesi agyr bolar"

ABŞ: "Russiýa Ukrainada ýadro ýarag ulanan halatynda netijesi agyr bolar"

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs gündelik metbugat ýygnagynda: "Kreml tarapyndan berilýän bular ýaly görnüşli dezinformasiýalara alada bildirýäris. Bular ýaly görnüşli öňe sürmeler gün tertibe gelen mahaly, Kremliň geçmişini bilýäris" diýip habar berdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kulebanyň Halkara Atom energiýa agentliginiň müdüri Rafael Grossi bilen duşuşandygyny we ýurdundaky desgalarda derňew geçirilmegi barada çagyryş berendigini ýatladan Praýs, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň hem şu gün Grossi bilen duşuşyk geçirjekdigini, şol meseläniň gün tertipde boljakdygyny aýan etdi.

Ned Praýs ruslara öňe sürjek her bir bahananyň dartgynlygy artdyrmak üçin toslama bir zat boljakdygyny açyk ýagdaýda aýdyp geçendiklerini beýan etdi.

Ned Praýs: "Russiýanyň islendik şertde ýadro ýarag ulanmagynyň örän agyr netijeleri bolar" diýip habar berdi.

Şol agyr netijeleriň näme boljakdygy bilen bagly soraga Ned Praýs, Russiýa has anyk we çürt-kesik beýannamalar bilen duýduryş berendiklerini, emma etjek ädimlerini köpçülik bilen paýlaşmajakdyklaryny mälim etdi.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, düýn Türkiye bilen birlikde ABŞ, Fransiýa we Beýik Britaniýaly kärdeşleri bilen geçiren telefon söhbetdeşligidne Ukrainanyň hapa bomba ulanmak üçin taýarlyk görýändigini belläpdi.

ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň Daşary işler ministrleri geçirilen telefon söhbetdeşlikden soň beren umumy beýanatlarynda, Russiýanyň öňe sürmelerini ret edip, dartgynlygy artdyrmak üçin öňe sürmek islenýän bahanalary kabul etmejekdiklerini beýan edipdiler.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk Koreýada 2-nji Atom Reaktory Işe Girişdi
Türkmenistanyň IAEA-nyň Konwensiýalaryna goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi
Putin, HAEG-nyň Başlygy Grossi Bilen Duşuşdy
Pakistanyň Atom Desgalary Dünýä Standartlarynda
Çawuşogly Duşuşyga Togg Bilen Gitdi
HAEG-nyň Başlygy Zaparožýe Atom Elektrik Bekedine Baryp Gördi