ABŞ Türkiye-Müsür gatnaşyklary barada beýannama berdi

ABŞ Türkiye-Müsür gatnaşyklary barada beýannama berdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geeşçisi Ned Praýs, Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukriniň düýn Türkiyä guran sapary bilen baglanşykly, iki ýurduň hem ABŞ-nyň möhüm hyzmatdaşydygyny we Türkiyäniň we Müsüriň arasyndaky gatnaşyklaryň gowulaşmagyny höweslendirendiklerini mälim etdi.

Gündelik metbugat ýygnagynda soraglara jogap beren Ned Praýs, Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukriniň Türkiyä guran sapary bilen bagly: "Elbetde hem Türkiye hem-de Müsür biziň möhüm hyzmatdaşlarymyz. Möhüm hyzmatdaşlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň gowulaşmagyny hemişe höweslendirýäris" diýip belledi.

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 10 ýyl arakesmeden soň Türkiyä sapar guran Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukrini Adana halkara howa menzilinde garşylapdy.

Iki ministr 6-njy fewralda başdan geçirilen ýer titremede zyýan çeken adamlara Müsürden ynsanperwer kömek getiren “El Hürriye” atly gäminiň gelen Mersin halkara portynda beýanat beripdiler.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Müsür bilen gatnaşyklarda täze sahypanyň açylandygyny, Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Müsüriň Prezdinti Abdulfettah as-Sisiniň noýabr aýynda Dohada geçiren duşuşyklarynyň hem örän netijeli geçendigini belläp, Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukri bilen hem şol gatnaşyklary özgertmek üçin ediljek ädimleri ele alandyklaryny habar berdi.

Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukri hem öz gezeginde Müsür bilen Türkiyäniň arasyndaky gatnaşyklary ýaňadandan ozalky derejesine getirmäge we ýurtlaryň ikisiniň hem umumy bähbitlerine laýyk ýagdaýda has hem ösdürmäge ähmiýet berýändiklerini belläp: "Müsür hemişe Türkiyedäki doganlarynyň ýanynda bolar. Gatnaşyklarymyzyň hem mundan soň iň gowy derejä ýetjekdigine ynanýaryn" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Mewlüt Çawuşogly iordaniýaly kärdeşi Safadi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkiyäniň raýatlarynyň Sudandan ewakuasiýa tapgyry tamamlandy
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Çawuşogly: "Energiýa üpjünçiliginde Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik" diýdi
Çawuşogly: "Eden-etdiliklere ýol bermeris" diýdi