ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat Sekretary Con Kirbi beren ýazmaça beýannamasynda; “Şu gün Amerikan hökümeti Ukrainanyň gyssagly isleglerini kanagatlandyrmak üçin ozalam berilen we ukrainalylaryň ýurtlaryny goramak üçin neticeli ulanan “Žawelin” sowut deşici raketasynyň üpcün edilmegi üçin 100 milliona barabar goşmaça howpsuzlyk kömegini tassyklady” diýdi.
Kirbi şol 100 million dollarlyk “Žawelin” raketalarynyň Amerikan goşunynyň inwentaryndan berilcekdigine ünsi çekdi.
Şol kömek bilen Baýdeniň wezipe başyna gelmeginden soň Ukraina berilen harby kömegiň 2,4 milliard dollardan geçendigini beýan eden Kirbi, onuň 1,7 milliard dollarynyň Russiýanyň 24-nci fewralda Ukraina söweş yglan etmeginden soň berilendigini ýatlatdy.
Mesele boýunça ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken hem beýannama berdi.
Blinken: “Dünýä rus güýçleriniň Buçada we Ukrainanyň beýleki şäherlerinde edýän wagşyçylygy sebäpli gazaplandy. Ukrainanyň güýçleri ýurtlaryny we azatlyklaryny batyrgaýlyk bilen goramaga dowam edýär. ABŞ ýaranlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen Ukrainanyň özygtyýarlylygyny hem-te territorial bitewiligini goldamakda ygrarly” diýdi.
Baýdeniň görkezmesine laýyklykda Ukrainanyň goşunlaryny 100 million dollarlyk sowut deşici raketa bilen üpcün etmek boýunça ygtyýaryn berilendigini beýan eden Blinken, şol kömegiň ABŞ-nyň goşunlarynyň inwentaryndan Ukraina berilen altyncy kömek tapgyrydygyny nygtady.
Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagyndan bäri 30-dan gowrak ýurduň Ukraina kömek berendigine ünsleri çeken Blinken; “Ýaranlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen Russiýanyň rehimsiz wagşyçylygy sebäpli ecir çekýän adamlara ykdsyady goldaw bilen ynsanperwer kömegin hany bilen Ukrainanyň goranyşyny goldamak üçin howpsuzlyk ýardamyny bermäge dowam ederis” diýdi.
