Russiýa-Ukraina Meselesi Halkara Jemgyetçiligi Tarapyndan Ykrar Edilýän Ygtybarly Çözgüt Bolmaly

Russiýa-Ukraina Meselesi Halkara Jemgyetçiligi Tarapyndan Ykrar Edilýän Ygtybarly Çözgüt Bolmaly

Prezident R.T.Erdogan NATO-mnyň Brýusselde Geçirilen nobatdan daşary liderler sammitinden soň metbugata beýannama berdi.

Erdogan 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi hakynda; “Çözgüdiň Russiýa we Ukraina bilen hakara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen ygtybarly esaslary bolmalydygyny pikir edýäris”diýdi.

Erdogan; “Ýewropa ýurtlarynyň başda durmagynda hemmelere gapysyna gelen immigrantlary goldamaly, kynçylyklaryň ortadan aýrylmagy üçin elinden geleni etmeli” diýdi.

Erdogan NATO-nyň dowam edýän söweş şertlerinde Ukraina syýasy we praktiki goldawyny dowam etdirýärkä hakykata laýyk we strategik çemeleşme bilen hereket etmeginiň möhümdigini aýtdy.

Türkiýäniň ýaranlyk arkalaşygyna laýyklykda NATO-nyň ýüzöwürdijilik we goranyş çärelerine goşandygynyň dowam etjekdigini nygtan Erdogan; “Ýaranlarymyzdan hem şeýle arkalaşyga garaşýarys” diýdi.

Erdogan türk goranyş senagatynyň önümleriniň üstünlikleri hemmelere mälim hem bolsa, bu ugurda Türkiýäniň duş gelýän bökdençlikleriniň haýsydyr bir ýerlikli sebäbiniň bolup bilmejekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan; “Goranyş senagatymyzyň öňüne käbir ýaranlarymyz tarapyndan goýulan çäklendirmeleriň indi aýrylmagy umumy bähbidimiz taýdan peýdalydyr” diýdi.

“Ýaranlaryň arasynda gizlin-açyk embargolaryň goýulmagy beýlede dursun, gün tertibine hem gelmeli däl” diýen Erdogan; “Bu meseledäki talaplarymyzy liderleriň dykgatyna hem ýetirdim” diýen Erdogan; “Ýetilen sepgitde BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň başda durmagynda gllobal howpsuzlyk ulgamynyň düýpli özgertmeden geçirilmegi hökmanydyr” diýdi.

Russiýanyň Prezident Wladimir Putin we Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen aragatnaşygy dowam etdirjekdiklerini hem nygtan Erogan; “Biziň tagallamyz iki lideri duşuşdyryp, esasanda parahatçylyk şertini döretmek” diýdi.

Ýene degişli makalalar

NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
NATO Agza Ýurtlaryň Goranmak Ministrleri Belgiýada Jemlenşer
Erdogan: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiligi Türkiye bolmazdan kämil däl" diýdi
Prezident Erdogan Eýranda asuda ilatyň ýogalmagyny ýazgardy
Prezident Erdogan Italiýanyň Premýer-ministri Meloni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Prezident Erdogan prowokasiýalara garşy duýduryş berdi
Kanadanyň Daşary işler ministri Türkiýede saparda bolar