ABŞ: "Ukraina serhedindäki dartgynlygyň ýeke-täk jogapkäri Russiýa"

ABŞ: "Ukraina serhedindäki dartgynlygyň ýeke-täk jogapkäri Russiýa"

Ak Tamyň metbugat sekretary Jennifer Psaki, Ak Tamda geçirilen gündelik metbugat ýygnagynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly metbugat işgärlerine beýanat berdi.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň geçen aý Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde gepleşiklere taýardygy baradaky beýanaty bilen baglanşykly Psaki, gepleşigiň ýeriniň we wagtynyň entek kesgitlenmändigini habar berdi.

Psaki, Russiýanyň ABŞ-na we NATO ýurtlaryna hödürlän howpsuzlyk teklipleri bilen baglanşykly bolsa: "Diplomatik gepleşikleriň üstünde işleýäris. Russiýanyň orta atan käbir tekliplerine goşulyp bileris, emma käbirlerine çürt-kesik razy bolmarys" diýip aýan etdi.

Putiniň ABŞ-nyň we hyzmatdaşlarynyň Ukraina serhedinde dartgynlygy artdyrýandygy baradaky öňe sürmelerini ret eden Psaki: "Bu örän gülkünç. Russiýa we Ukraina serhedinde görülýän ýeke-täk agressiýa Russiýa tarapyndan sebite harby güýç üýşürilmegidir we Russiýanyň lideriniň gowgaly beýanatlarydyr" diýip beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

UEFA-da ýylyň futbolçysy hem-de tälimçisi kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
UEFA möwsümiň iň gowy oýunçysynyň baýragyna üç dalaşgäri yglan etdi
Blokbasterlere gatnaşandygy üçin iň ýokary hak alýan Golliwud aktýorlarynyň sanawy düzüldi
Ak Tam: "Göçürilenleriň 77 göterimi owgan" diýip habar berdi
Zelenskiýniň ABŞ-na Sapary
Himiýa boýunça Nobel baýragy asimmetrik organokataliz üçin berildi