Ak Tam: "Göçürilenleriň 77 göterimi owgan" diýip habar berdi

Ak Tam: "Göçürilenleriň 77 göterimi owgan" diýip habar berdi

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jennifer Psaki, Owganystandan göçürilen takmynan 120 müň adamyň 77 göteriminiň Ýörite immigrant wizasyna ýüz tutmaga hak gazanan owganlardan ybaratdygyny beýan etdi.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jennifer Psaki, Ak Tamda geçiren gündelik metbugat ýygnagynda Owganystanda başdan geçirilen soňky hadysalaryň üstünde durup geçdi.

Owganystanda entek göçürilmedik adamlar bilen bagly tagallalaryň dowam edilýändigini aýdan Psaki: "Göçürilenleriň 77 göterimi, Ýörite immigrant wizasyna ýüz tutmaga hak gazanan owganlardan ybarat" diýip habar berdi.

Psaki, üstünde köp durulmasada Owganystandaky göçüriliş işlerinde uçarlardan başga ýollara hem ýüz tutandyklaryny belläp, käbir ýagdaýlarda dikuçarlar bilen hem adamlary daşandyklaryny, emma howpsuzlyk sebäpli olary aýan etmändiklerini mälim etdi.

Hamid Karzaý halkara howa menziliniň göçüriliş işleri üçin ýaňadandan açylmagy ugrunda tagallalar edýändiklerini aýdan Psaki: "Howa menziliniň ýaňadandan açylmagy üçin iş alyp barýarys, howa menziliň raýat böleginiň açylmagy üçin türk we katarly hyzmatdaşlarymyz bilen iş salyşýarys" diýip aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

UEFA-da ýylyň futbolçysy hem-de tälimçisi kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
UEFA möwsümiň iň gowy oýunçysynyň baýragyna üç dalaşgäri yglan etdi
Blokbasterlere gatnaşandygy üçin iň ýokary hak alýan Golliwud aktýorlarynyň sanawy düzüldi
Zelenskiýniň ABŞ-na Sapary
Himiýa boýunça Nobel baýragy asimmetrik organokataliz üçin berildi
ABŞ: "Ukraina serhedindäki dartgynlygyň ýeke-täk jogapkäri Russiýa"