Abu-Dabide Türkmenistanyň we BAE-niň DIM-leriniň glepleşikleri geçirildi

Duşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide BAE-niň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Abdul Rahman Al Jarman bilen onuň türkmen kärdeşi Berdiniýaz Mätiýewiň arasynd agepleşikler geçirildi.

“Emirates News Agency” habar agentliginiň maglumatyna görä, Jarman döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew öz gezeginde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýändigini aýtdy.

Şeýle-de taraplar regional we halkara derejesinde terrorizme garşy göreşde özara hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň prezidentiniň Kuweýte we BAE sapary taýýarlanylýar
Berdimuhamedow maliýe ministriniň orunbasaryny täzeledi
Binagärleriň ilkinji bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi
Konserwatoriýanyň Uly zalynda uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlandy
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen ady dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen ady dakmak hakynda
Sergeý Lawrow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi