Acer kompaniýasy welosiped önümçiligine geçdi

Acer kompaniýasy welosiped önümçiligine geçdi

Taýwanyň elektron önümlerini, ilkinji nobatda kompýuterleri öndüriji Acer kompaniýasy özüniň täze önümi bolan Ebii kysymly akylly welosipedleri bilen tanyşdyrdy diýip, Electrek neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Kompaniýanyň öndürýän welosipedleriniň aýratynlygy emeli aň ulgamy bilen üpjünçiligi bolup durýar. Ulgam welosiped sürülýärkä, howpsuzlygy üpjün etmäge ýöriteleşdirilen. Mysal üçin, ol eger eýesi dolandyrmaýan halatynda awtomatiki usulda hereketsiz galýar. Şeýle hem ulagda gije-gündiz hereket edýän GPS ulgamy welosiped ogurlanan halatynda-da, ony hereketsiz galdyrýar.

Ebii welosipedleriniň akkumulýatory onda 110 kilometr aralygy geçmäge mümkinçilik berýär, şeýle ulagda sagatda 25 kilometr tizlik bilen hereket etmek mümkin. Onuň agramy bary-ýogy 16 kilograma deň diýlip, habarda aýdylýar.

Acer kompaniýasy täze önüminiň haçan satuwa çykjakdygyny we nyrhyny habar bermeýär.

Electrek neşiriniň çaklamasyna görä, Ebii akylly welosipedleriniň bahasy 1,5-2 müň dollar aralygynda bolsa gerek.

Ýene degişli makalalar

2023- nji ýyl dartgynly geçdi...
Taýwanda güýçli ýer yrandy
Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy (U-23) Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryna girişýär
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklaryna Aşgabatda taýýarlanýar
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar
Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar