Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakis, adalarda türk syýahatçylary üçin mart aýynda wiza ýeňilliginiň başlajakdygyny aýtdy.
Premýer-ministr Kirýakos Mikotakis, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada ERT telewideniýesine beýannama berdi.
Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky döwürde kadalaşýandygyny nygtan Mikotakis, türk syýahatçylary üçin mart aýyndan başlap 10 ada-da syýahat etmekleri üçin wiza ýeňilliginiň başlajakdygyny belledi.
Mikotakis “Türk syýahatçylary 10 adada bahar we tomus paslynyň dowamynda bu ylalaşykdan peýdalanyp bilerler” diýdi.
Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň artdyrylmagy üçin gepleşikleriň geçirilýändigini aýdan Mikotakis, iki ýurduň bikanun göçe garşy göreşde hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady.
