Adam hakynda alada üns merkezinde

Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak işinde ädýän yzygiderli ädimleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar.Munuň şeýledigine abraýly halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän dürli çäreler hem şaýatlyk edýär.

Olar Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.Paýtagtymyzda Aral ýakasynda daşky gurşawyň ýagdaýyny seljermek, onuň eneleriň we çagalaryň saglygyna edýän täsirini öwrenmek meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde 20192020-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäklerinde BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Aşgabatdaky wekilhanasy hem-de ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guraldy.Duşuşygyň gün tertibi Aral ýakasynyň daşky gurşawynyň enäniň we çaganyň saglygyna edýän täsirine gözegçilik etmegiň netijeleri bilen tanyşdyrmak, beýleki durmuş meselelerini çözmek, şeýle hem şu mesele boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleleri öz içine aldy.ÝUNISEF-e saglygy goraýyş, azyk önümlerini getirmek we olaryň hili, çaga hukuklarynyň goralyşyna gözegçilik etmek baradaky meseleler boýunça utgaşdyryjylar wekilçilik etdiler. “Sanigest” kompaniýasynyň hünärmenleri halkara bilermenler hökmünde çykyş etdiler.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň baştutany Kristina Weýgand çärä gatnaşyjylary mübärekläp, Araly halas etmek boýunça halkara tagallalar babatda ara alnyp maslahatlaşylýan meseläniň ähmiýetini nygtady.Tegelek stoluň işiniň dowamynda Daşoguz welaýatyndaky gözegçilik işleriniň netijeleri boýunça Sanigest kompaniýasynyň hünärmenleri hem-de Lebap welaýatynyň demirgazyk böleginde (Darganata) alnyp barlan işleriň netijeleri babatda paýtagtymyzyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi tarapyndan görkezilen tanyşdyrmalar hem-de meýilnamalar gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nygtalyşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de möhüm wezipeleri bolup durýar.Duşuşygyň işçi toparlarynyň mejlisleriniň dowamynda maşgalalara hem-de çagalara hödürlenilýän degişli lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we usullaryny has-da kämilleşdirmek boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Oňa gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň çäklerinde Aral howpunyň ýaramaz täsiri bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny çözmäge ýardam berýän netijeli gatnaşyklary dowam etmek ugrunda biragyzdan pikirlerini beýan etdiler.Bu ýere ýygnananlar “tegelek stoluň” işiniň netijelerini jemläp, onuň netijeli bolandygyny bellediler hem-de aýdylan oňyn teklipleriň Aral ýakasyndaky ekologiýa, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ýagdaýlaryň gowulandyrylmagyna gönükdirilen iş ýüzündäki anyk ädimlerde öz beýanyny tapjakdygyna, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlyga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda 20172019-njy ýyllarda başlyklyk edýär. 2017-nji ýylda Aşgabatda AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti öz işine başlady. 20172018-nji ýyllarda Türkmenistanyň AHHG-a başlyklyk etmeginiň barşynda Gaznanyň müdirliginiň, onuň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň hem-de Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň mejlislerini geçirmek üpjün edildi. 2017-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanda Merkezi Aziýa Halkara ekologiýa forumy guraldy.

Gaznanyň işiniň netijeliligini kämilleşdirmäge we ýokarlandyrmaga, geljegi nazara almak bilen, Aral deňzi sebitindäki ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, ýörite işlenip taýýarlanan Konsepsiýanyň esasynda AHHG-a başlyklyk etmek bilen, Türkmenistan bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge örän düýpli çemeleşýär.

Ýene degişli makalalar

21.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: ekologiýa hakynda alada - ýurduň we halkyň geljegi hakynda alada
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: ekologiýa hakynda alada - ýurduň we halkyň geljegi hakynda alada
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili öz işini tamamlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AK ŞÄHERIM AŞGABAT ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
Adam hukuklaryna bagyşlanan maslahat