Adam hukuklaryna bagyşlanan maslahat

19-njy maýda Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021- 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçy gatnaşdylar.

Şeýle hem halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyp ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda türkmenistanlylaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmeginiň, milli kanunçylygyň umumy kabul edilen halkara namalara laýyklykda kämilleşdirilmeginiň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan Döwlet adam üçindir! şygarynda öz beýanyny tapan oňyn özgertmeler syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýandygyny bellediler.

Şu ýylyň 16-njy aprelinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Abraýly guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Hereketleriň milli meýilnamasynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer ugruň Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidigi nygtaldy.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Weýgand hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon Makgregor öz çykyşlarynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň möhüm resminama bolup durýandygyny, bu resminamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin Türkmenistanyň Hökümeti we degişli edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan parahatçylyk döredijilik strategiýasyny öňe sürýär
Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl
Türkmenistanyň ÝHHG-ä agzalygynyň 30 ýyllygy iri maslahat bilen bellenildi
Türkmenistan we ÝHHG-nyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi
TÜRKMENISTAN WE ÝHHG HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR
Ukraina finala çykdy
Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi