ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili öz işini tamamlady

ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili öz işini tamamlady

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda R.Meredow hanym Weýganda BMG-niň bu ähmiýetli edarasynyň hem-de ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler gazanylan üstünlikleri hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny belläp geçdiler. Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda çagalar üçin köpugurly durmuş hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen Milli strategiýalaryň we bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.

Şeýle hem häzirki dowam edýän 2018-2022-nji ýyllar üçin Türkmenistanda çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyna baha bermek boýunça işleriň alnyp barylýandygy we täze meýilnamanyň işlenilip düzülmegine taýýarlanylýandygy bellenildi.

Öz gezeginde, ÝUNISEF-niň wekili türkmen tarapyna şu ýyllaryň dowamynda wezipesini ýerine ýetirmekde eden ýardamlary we goldawy üçin hoşallygyny bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Kristina Weýgand Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlaýar
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AK ŞÄHERIM AŞGABAT ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
Adam hukuklaryna bagyşlanan maslahat
Adam hukuklaryna bagyşlanan maslahat geçirildi
Maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum