Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (31-nji bölüm)

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (31-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Ýedinji syr ÇYKDAÝJYLARYŇY GÖZEGÇILIKDE SAKLAMAGYŇ GÜÝJI

Ýaş ýigidiň indiki sanawunda Judi Ormen diýen bir aýal bardy.Günortadan soň duşuşyga taýyndygyny biljek bolup, ol oňa ir bilen jaň etdi.Hanym Ormeniň iş ýeri öz öýüdi, ol özbaşyna uly jaý bolup, şäheriň günorta eteginde ýerleşýärdi.

Ol örän özüne çekiji, süňklek hünni aýaldy, onuň örülen uzyn saçlary hemem içine çöküp duran goýun gözleri bolup, boýy ýaş ýigidiňkiden sähelçe pesdi.Onuň ýaşy kyrkdan aňry däldi, egninde gyzyl örme jempiri hemem kelte dar balagy bardy.

Hanym Ormeniň iş ýeri öýüniň yzky böleginde bolup, ol giňden ýagty otagdy.Otagyň töründe dubdan edilen köne stol hemem arkasy beýik kaşaň kürsüler bardy.Stoluň sag tarapynda onuň iş ýeri bolup, o ýerde kompýuter, iki sany telefon hemem iş ýerlerinde goýulýan köp sanly gerekli enjamlar bardy.

Stoluň çep gapdalynda gapy bolup, ol ullakan eýwana, soňra bolsa baga alyp barýardy.Bag açyk ýaşyl otlar bilen örtülip, onuň ortasynda ajaýyp leýlisaç ösüp otyrdy, birnäçe metr aňyrrakda bolsa agaçdan edilen bir gatly jaý bardy. Ýöne bärik aýratyn görk berýän zat — bagyň aýak ujundan geçýän derýady. — Nähili owadan ýer — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Işden ünsüňi sowup, penjireden garamak örän ýakymly bolsa gerek. — Sag boluň — diýip, hanym Ormen ýylgyrdy. — Bu hakykat.

Men elmydama öýde işlemegi hemem sypynan wagtym derýany synlamagy arzuw ederdim. Ýöne bu zatlaryň ýene bir has artykmaç tarapy bar, ol hem men wagtymyň köpüsini ýola ýa-da adamlardan hyryn-dykyn awtobuslara, otlulara sarp etmän, maşgalam bilen geçirýän.

Men iş diýip, gidişin-gaýdyşyn üç sagat wagtlaryny sarp edýän adamlary tanaýan.Göz öňüne getiriň, bu hepdede 15 sagat ýa-da 2 gün iş güni bolýar.Dünýede wagtdan gymmatly zat ýok, ol hatda altyndanam gymmat, sebäbi ol sypdyrylan ýagdaýynda yzyna dolajak gümanyň ýok.

Hanym Ormen ýaş ýigide kürsileriň birine geçmegi ümledi-de, özem ýanynda oturdy. — Diýmek, size Hakyky Baýlygyň syrlary aýan-da? — diýip, ol sorady. — Hawa — diýip, ýaş ýigit jogap berdi. — Siz bu barada ilkinji gezek haçan eşitdiňiz? — Häzir gürrüň bereýin.

Men bu barada ilkinji gezek on ýyl mundan ozal eşitdim.Ol wagtlar häzirkim ýaly şertlerde ýaşamokdym. Şondan biraz öňräk birinji adamym bilen aýrylyşyp, özümem ite bir süňk bergilidim.

Bergim şeýlebir kändi welin, algydarlarym yzyma düşüp, bergimiň ýerine jaýymy elimden aljak bolýardylar.Kazyýet algydarlarym bilen düşünişmek üçin bir aý wagt berdi, şondan soň men ähli zadymy ýitirýärdim. — Eý, Hudaý! — diýip, ýaş ýigit gygyrdy. — Siz bu ýagdaýdan nädip baş alyp çykdyňyz? — Şol gün gaty gowy ýadymda — diýip, hanym Ormen sözüni dowam etdi. — Men bu ýagdaýdan çykalga tapman kazyýetiň gapysynyň öňündäki bagyň aşagynda gözýaş döküp otyrdym.

Birden egnimde biriniň eliniň bardygyny duýdum hemem öwrülen wagtym gapdalymda oturan kiçijik garry hytaýla gözüm düşdi.Kostýum-balakly bolansoň ony kazyýetiň işgärleriniň biridir öýtdüm.Ol özüniň bir zatlar kömek edip biljegini-bilmejegini sorady.

Men onuň duýgudaşlygyna minnetdarlyk bildirdim-de, Ýok diýip jogap berdim. Ýöne ol turup gidibermedi, onsoň biz gürleşip ugradyk.Onuň aýdan zatlarynyň köpüsi ýadymda galmandyr, ýöne onuň bir sözi hemişelik aňymda galdy.

Ol muny Ähli meseläni çözmegiň altyn düzgüni diýip atlandyrdy.Haçan-da, ähli mümkinçiligi ulanandyryn öýden çagyňyz, ýadyňyzda saklaň… bu beýle däl. Ýaş ýigit garrynyň şol maslahaty özüne-de berendigini ýatlap, öz ýanyndan ýylgyrdy. — Soňra garry Hakyky Baýlygyň syrlary barada gürrüň edip ugrady.

Elbetde, bular ýaly zatlary öň eşitmändim, şonuň üçinem onuň aýdýan zatlary mende örän gyzyklanma döretdi.Men şonda Adam öz ykbalynyň eýesidir diýen sözi ilkinji gezek eşitdim.Sebäbi elmydama maňa: Durmuş seniň üçin gowy bolmagam mümkin, zabun bolmagam, seniň gowy ýaşamagyňam mümkin, ýitip gitmegiňem… bu zatlaryň bary ykbalyňa, durmuşyň şowlulygyna bagly… diýerdiler.

Häzir bolsa ýanyma bir garry gelip, ykbalymyzy özümiziň dolandyryp bilýändigimizi hemem baýlyk edinmäge ýeterlik güýjümiziň bardygyny aýdýar.Garry giden wagty bir tagta kagyz goýup, munuň meselelerimi çözmäge kömek etjekdigini aýtdy.

Oňa seredip aňka-taňka boldum, sebäbi o ýerde bar gören zadym on sany adamyň ady bilen telefon belgisi boldy. — Menem şol duýguny başdan geçirdim — diýip, ýaş ýigit ýylgyrdy. — Dogrumy aýtsam, men muňa o diýen umyt baglamadym — diýip, hanym Ormen sözüni dowam etdi, — şeýlede bolsa sanawdaky adamlar bilen duşuşyp, olaryň aýtjak zatlaryna gulak asasym geldi.

Garrynyň aýdan sözleriniň mamladygyny şol adamlar tassyklap biljekdi.Men Hakyky Baýlygyň özüme kömek edip biljegine ynamym bolmasa-da, eşiden zatlarymy synap görmegi ýüregime düwdim hemem ýuwaşlyk bilen durmuşymyň üýtgeýändigine göz ýetirdim. Ýaş ýigit ýandepderçesi bilen galamyny çykardy-da, özi üçin bellik edip ugrady. Ýazyp bolanyndan soň ol başyny galdyryp, hanym Ormene seretdi-di, sorag berdi: — Siziň durmuşyňyz nähili ýagdaýda üýtgedi? — Ilki bada özümi örän bagtly duýdum, sebäbi ykbalyma täsir edip biljekdigime düşündim.

Hawa, her näçe geňem bolsa, men üç ýylyň içinde öz bergilerimden dynyp, özüme kiçeňräk iş açynmaga ýeterlik derejede pul topladym. — Siz bu özgerişlikler üçin ol syrlaryň haýsy birine borçly? — diýip, hanym Ormeniň aýdýan zatlaryna gyzygyp, ýaş ýigit sorag berdi. — Maňa olaryň bary kömek etdi — diýip, hanym Ormen jogap berdi, — ýöne yzyma garaýaryn welin, olaryň has çuňňur täsir edeni — çykdaýjylaryňy gözegçilikde saklamagyň güýjimikä diýýän. — Çykdaýjylaryňy gözegçilikde saklamagyň güýji? — diýip, ýaş ýigit gaýtalady. — Siz çykdaýjylary meýilleşdirmegi göz öňünde tutýaňyzmy? — Hawa, şular ýaly bir zat — diýip, hanym Ormen jogap berdi. — Ýöne çykdaýjylaryňy meýilleşdirmek bilen nädip baýlyk toplap bolýar — diýip, ýaş ýigit sorady.

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (39-njy bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (34-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (33-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (41-nji bölüm, soňy)
Ýörite TmCars.info-nyň okyjylary üçin: Özüňe erk etmegiň gudraty (1-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (40-njy bölüm)