Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (33-nji bölüm)

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (33-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Ýöne esasy zat — aňryňa biraz pul atyp, ony ulanar ýaly çykdaýjylaryňy gözegçilikde saklamaly.Bu işe näçe bahym başlasaňyz, özüňiz üçin gowy bolar.Muny on ýyl yza süýşürmegiň ullakan tapawudy bar, şonuň üçinem bu işe ýaşlykdan başlanyňdan gowusy ýok. — Eger bu işe ýigrimi ýaşda däl-de, otuz ýaşda başlanyňda munuň ullakan tapawudy bolasy ýok-la? — diýip, ýaş ýigit sorady. — Özüňiz pikir edip görüň — diýip, hanym Ormen jogap berdi, — altmyş bäş ýaşanda bularyň haýsy biri gowy netije gazanar öýdýäňiz: 29 ýaşyndan 65 ýaşyna çenli her ýyl 1000 funt goýan adammy ýa-da 19 ýaşynda 1000 goýup, 29 ýaşynda taşlan adam?

Eger olaryň ikisem şol puly deň şertlerde goýan bolsa hemem bu olara ýylda 8 göterim beren bolsa, bularyň haýsy biri altmyş bäş ýaşynda köp pul gazanar öýdýäňiz? — Elbetde, 29 ýaşynda goýup ugran adam.

Ol bu işe giçräk başlanam bolsa, otuz alty ýyllap dowam edipdir hemem beýlekiden dört esse artyk pul goýupdyr.Hanym Ormen ajy ýylgyrdy. — Hakykatda, ol adam öz hasabyna 36000 funt goýar hemem altmyş bäş ýaşynda bu oňa 202070 funt girdeji getirer. Ýöne on ýyl pul goýup taşlandygyna garamazdan, 19 ýaşynda başlan adamyň bankda 10000 funty bolsa-da, bu oňa altmyş bäş ýaşynda 249901 funt girdeji berer. — Çynyňyzmy? — diýip, ýaş ýigit sorady. — On ýylyň şunuň ýaly tapawudy barmy? — Muny sanlaryň özi aýdýar, şeýle dälmi? — diýip, hanym Ormen jogap berdi. Ýaş ýigit pul ýygnamalydygyna düşünip, uludan demini aldy. Ýöne ol bu zatlara nädip başlajagyny entegem göz öňüne getirip bilenokdy. — Çykdaýjylaryňy gözegçilikde saklap, yzygiderli pul ýygnamaly diýmek dilde aňsat — diýip, ol aýtdy. — Ony iş ýüzüne geçirmek mümkinmi?

Bu size nädip başartdy? — Bu barada ilkinji gezek eşidenimde, meňem bu zatlara öz bahanajyklarym bardy, sebäbi şol wagtlar gaty kän bergim bardy. Ýöne bu işi ýola goýup bilsem, algydarlarymdan dynjagymy hemem geljegimi üpjün etjegimi bilýärdim. — Siz bergiňizi töläp, şol bir wagtda nädip pul ýygnadyňyz? — diýip, ýaş ýigit sorady. — Men algydarlarymyň her bir bilen gürleşip, öz kynçylyklarymy düşündirdim.

Soňra olara her aýda bergimiň ujundan belli bir möçberde pul geçirip biljekdigimi aýtdym.Olar pullarynyň baryny şol wagt alyp bilmejekdigine bildiler hemem az-azdanam bolsa algylaryny alyp biljekdiklerine düşündiler.

Soňra girdejilerimiň hemem çykdaýjylarymyň meýilnamasyny düzdüm — alýan girdejimiň ýetmiş göterimi bilen ýaşamaly, ýigrimi göterimini bergimiň ujundan geçirmeli, on göterimini bolsa ýygnamalydym.Men bergilerimden dynyp biljekdigime, şol bir wagtyň özünde-de aňryma pul atyp biljekdigime düşünip, janym aram tapan ýaly boldy.

Elbetde, bu ýeňil iş däldi, käbir zatlardan boýun towlamaly boldy.Meselem, günorta wagty bir zatlar satyn alyp iýip-içmegiň ýerine, öýümde bişirinip, ýanym bilen alyp gaýtmaly boldum, agşamky gezelençlerimi azaltmaly boldum, egin-eşiklerimi bolsa diňe arzan dükanlardan satyn almaly boldum. Ýöne bu meýilnamany düzenimden soň, işlemäge bolan höwesim artdy hemem birnäçe ýyldan diňe bir bergilerimden çykman, eýsem öz işime başlamak üçin ýeterlik derejede pul ýygnamagy başardym.

Men bu zatlara çykdaýjylarymy gözegçilikde saklamak arkaly ýetdim. — Ýöne nähili ýol bilen? — diýip, ýaş ýigit sorady. — Günlerde bir gün, boýdaşlarymyň birini kim ýokary goýlup satylýan harytlardan satyn alan zadymy görkezip durkam, ol menden indiki söwdanyň haçan boljagyny sorady. Şonda kelläme ajaýyp pikir geldi: belki, ýurdumyzda şunuň ýaly söwda gatnaşmak isleýän adamlar bardyr? — Men ýurdumyzda bolýan kim ýokary söwdasy barada maglumat býulletenini döretdim-de, ýerli gazetde kiçeňräk bildiriş berdim hemem ýyllyk gazet ýazylyşygynyň ujundan çäklije pul bermeklerini aýtdym.

Munuň täsiri haýran galmaly boldy.Bir salym pikirlenip duranymdan soň, bular ýaly gullugy ähli ýurda ýaýratmaly diýen netijä geldim-de, beýleki graflygyň gazetlerine-de bildiriş berdim. Şondan soň gazete ýazylmak isleýänler hininden çogup çykýan garynja ýaly köpelme bilen boldy. — Haýran galmaly! — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Hawa, razylaşýan.

Men bu zatlaryň baryna çykdaýjylarymy gözegçilikde saklamak arkaly ýetdim.Eger-de çykdaýjylarymy gözegçilikde saklamadyk bolsam, men öz işime başlamak üçin ýeterlik derejede pul gazanyp bilmezdim.Sen öz işine başlan işewürleriň on iki aýyň dowamynda 80 göteriminiň batýandygyndan habaryň barmy?

Sebäbi olar paýnamalaryny edaranyň pulundan kän goýýarlar hemem gereginden artyk pul sowýarlar. Ýaş ýigit bilemok diýen manyda başyny ýaýkady. — Ýöne has möhüm zat — diýip, hanym Ormen sözüni dowam etdi, — çykdaýjylarymy gözegçilikde saklamak bilen men diňe bir öz işime başlaman, pullarymy özüme işlär ýaly edip, geljegimiňem aladasyny etdim. — Munuň örän möhüm zatdygyna siz dogrudanam ynanýaňyzmy? — diýip, ýaş ýigit sorady. — Bütinleý ynanýan — diýip, hanym Ormen tassyklady. — Men geljegiňiziň aladasyny etmek üçin ybadathanadaky ruhany ýaly ähli zatdan ýüz döndermeli diýjek bolamok. Ýöne siz dogrudanam baý bolasyňyz gelýän bolsa, käbir rahatlyklardan ýüz döndermeli bolarsyňyz.

Meniň aýtmakçy bolýan zadym, siz hiç kime bergi etmän, eliňize düşen puluň belli bir bölegi bilen oňmaly bolarsyňyz.Günlerde bir gün reňkleýji bolup işleýän bir adama duşdum.Onuň aýaly hemem dört sany çagasy bardy.

Ol öz işini ýola goýmak üçin bankdan 6000 funt karz alypdyr, ýöne aýalyny hemem çagalaryny Floridanyň Disneýwordyna äkidip, şol puly alty hepdede sowup gutarypdyr. Öýüne gaýdyp gelende onuň çagalaryna köwüş almaga-da puly ýokdy.

Ol güzeranyny zordan aýlaýardy, garran çagy hökümediň kömek puluna ýaşaýmasa, alajy ýokdy, sebäbi ol çykdaýjylaryňy gözegçilikde saklamagyň möhümdigine düşünenokdy.Görýäňizmi, adamlaryň aglabasy durmuşyny ykbaly ýa-da durmuşyň şowlulylygy bilen kesgitlejek bolýar. Ýöne hakykat nämede diýseňizläň, durmuşdaky ýagdaýymyz üçin diňe özümizi günäkärlemeli, başga birini günäkärlesek namartlyk bolar.

Adamlaryň köpüsi geljeginiň aladasyny etmän, ýaşamak üçin söweş guraýar.Meniň pikirimçe, bu meniň öwrenen zatlarymyň iň esasysy.Adamyň ykbalyny käbir adamlaryň çaklaýyşy ýaly ýyldyzlar çözenok.Siz her gün öz ykbalyňyzy özüňiz gurýaňyz.

Adamlar köplenç öz düşen günleri üçin ykdysadyýeti, hökümeti, ene-atalaryny, hatda daşky şertleri günäkärleýärler. Ýöne hakykat nämede diýseňizläň, siziň ykbalyňyza jogapkärçilik çekýän ýeke-täk adam — bu siziň özüňiz, ony diňe siziň özüňiz üýtgedip bilersiňiz.

Biziň durmuş ýolumyzy pikirlerimiz hemem hereketlerimiz gurýar.Hakyky baýlygyň syrlary bolsa, biziň arzuw eden ýolumyzyň has peýdaly taraplaryny görkezýär.

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler
Daşary ýurt metbugatyna syn
Amerikaly kino tankytçylary geçen ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýladylar
Mikki Maus ekranlara gaýdyp gelýär
Resul Gylyjowyň täze taslamasy: ertekiniň sungat dilindäki beýany we saz fantaziýalary
Disneýiň Fantaziýasy Resul Gylyjowyň simfoniki orkestriniň beýanynda