Ýylyň ilkinji milliarder ekran eseri

Ýylyň iň garaşylýan filmleriniň biri bolan “Inside Out 2” geçen aýyň ortasynda prokata çykdy.Kelsi Mannyň režissýorlyk eden (ilkinji režissýorlyk işi) animasiýasy bary-ýogy 19 günde dünýä ýüzündäki prokatlardan 1 milliard dollardan gowrak pul toplady.

Multfilmiň gahrymanlaryna Emi Pouler, Filis Smit, Toni Heýl, Maýa Hawke dagy ses berýär. “Pixar” tarapyndan taýýarlanan film şu ýyl 1 milliard dollar sepgidinden geçen ilkinji film boldy.Animasiýa üçin 200 million dollar çykdajy edilipdi.

Mundan ozal bir milliard dollar sepgidine 10 animasiýa giripdi. Olaryň ählisini “Disney” taýýarlapdy.

2015-nji ýylda prokata goýberilen “Inside out” Oskar baýragyna mynasyp bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Karate oglanjyk filminiň dowamy surata düşüriler
Ronaldonyň hem-de Benzemanyň topardaşlary Dünýä Kubogyna gatnaşmaz
Maska milliarder bolmaga kömek eden dokuz kitap agzaldy