Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (36-njy bölüm)

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (36-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

— Bu barada alada etmek nämä gerek? — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Eger bu kanuna dogry gelýän bolsa, onda onuň ahlak tarapynyň gürrüňini edip näme etjek? — Entek polisiýa barada gürrüň gidýärkä bar zat şeýle — diýip, jenap, Bruks jogap berdi. — Ýöne Ölüşiňe görä, gömüşim diýen nakyl bar.

Eger-de iýjek çöregiňizi ahlaksyzlyk bilen gazanýan bolsaňyz, bu iru-giç äşgär bolup, siziň edýän işiňizi her bir adam biler. Şondan soň siz özüňizi nähili duýasyňyz?Işde bolsun, durmuşda bolsun — tapawudy ýok, siz öz at-abraýyňyza atanak çekip, ile ryswa bolarsyňyz. Ýaş ýigit razylygyň alamaty hökmünde başyny atdy. — Şu ýerdenem üçünji sorag ýüze çykýar: Şu zatlardan soň men özüme buýsanyp bilerinmi?

Eger siziň edýän zatlaryňyz özüňizi buýsandyrmaýan bolsa, diýmek, siz ýaramaz iş edýän bolmaly.Dördünjiden: Bu zatlary ýakyn garyndaşlaryň bilenini isleýäňizmi?Edýän işiňizi bilip, ejeňiz size buýsanar öýdýäňizmi?

Eger siziň edýän işleriňiz maşgalaňyzy buýsandyrman, tersine, biynjalyk etse, diýmek, bu — ol işden gaça durmalydygyny aňladýar.Soňky sorag: Men şu zatlardan soň özüme hormat goýup bilerinmi?Bärde gep ahlagyňyzyň garşysyna gidýän käbir zatlar barada bolup, ol adamyň mertebesine şikes ýetirýär. Özüni sylamaýan adama durmuşda ýaşamak gaty kyn… aýratynam ol özüň bolsa.

Ody özüňe bas, ötmese kesekä diýlişi ýaly, saňa näme diýselerem, etselerem, özüňe ýaramadyk zady etmezlik. — Siz: Ol nähili girdejili bolsa-da, bir gapdalynda ýaramazlyk bar bolsa, etmeli däl diýjek bolýaňyzmy? — diýip, ýaş ýigit ýazyp oturan zadyndan ünsüni sowdy-da, sorag berdi. — Hut şeýle.

Adamlar ol işiň gowudygyna ýa erbetdigine garaman, puluny köpeltmek hemem baýamak üçin ýygy-ýygydan ýalňyşýarlar.Olar puly iň soňky maksat hasaplaýarlar, ýöne bu beýle däl, sebäbi pul beýleki maksatlaryňa ýetmek üçin serişde.

Pula kän üns bermän, ünsüňizi beýleki maksatlarymyza gönükdirseňiz, olary ýetmegiň nähili ýeňildigine düşünersiňiz. — Bu zatlary meniň bilen paýlaşanyňyz üçin sag boluň — diýip, ýaş ýigit gitjek bolanda aýtdy. — Indi maňa dogrudanam pikir edere zat bar. Ýöne size ýene bir sorag beresim gelýär: garry hytaýly häzirem şol ýerde ýaşaýarmy? — Garry haçan-da bir wagt o taýda ýaşandyr öýdemek — diýip, jenap Bruks jogap berdi. — Siz näme diýjek bolýaňyz? — Garry bilen bolan duşuşykdan soň birnäçe aýy geçirip, şol ýere bardym.

Men ýöne oňa minnetdarlyk bildirmek isledim hemem bu duşuşygyň tutuş durmuşymy üýtgedendigini aýtmakçy boldum. Ýöne bu gezek o taýda iki sany gartaşan är-aýala duşdum.Olar bärde ýigrimi ýyl bäri ýaşaýandyklaryny hemem garry hytaýly barada hiç wagt eşitmändiklerini aýtdylar.

Men garry barada goňşulardanam soraşdyrdym, ýöne ol barada hiç kim eşitmändir.Agşam ýatmazyndan öň, ýaş ýigit eden ýazgylaryny täzeden gözden geçirdi:

Hakyky Baýlygyň sekizinji syry — halallygyň güýji

1. Adam bütin dünýäni basyp alyp, şol bir wagtda ýüregini ýitirýän bolsa, ondan näme haýyr bar? 2. Biziň edýän işlerimiz, aýdýan sözlerimiz, hatda pikirlerimiz hem edil bumerang ýaly elmydama özümize gaýdyp gelýär. 3. Ýalançylyk, galplyk bilen baýlyk toplamak — çägeden öý galdyran ýaly bir zat, ol kän durmaz. 4. Işde-de, durmuşda-da etjek hereketiň barada oýlan:

Bu kanuna dogry gelýärmi? Bu ahlak arassalygyna dogry gelýärmi? Şundan soň men özüme buýsanyp bilerinmi? Bu barada ýakyn garyndaşlarymyň bilenini isleýänmi? Şu zatlardan soň men özüme hormat goýup bilerinmi?

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (34-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (39-njy bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (35-nji bölüm)
Ösümlikden öndürilen oýnawaç
11 ýyldan soň