Adamlar 2040-njy ýylda Marsa gadam basar

ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary boýunça Milli müdirliginiň (NASA) başlygy Bill Nelson 2040-njy ýylda adamyň Marsa baryp biljekdigine ynanýar. Ol bu barada Ispaniýanyň “El Mundo” gazeti bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Bill Nelsondan ilkinji adamyň näwagt Marsa gadam basjakdygy soralanda: – 2040-njy ýylda, bary-ýogy 17 ýyl galdy diýip belledi. Ol: “Aýa ýetmek üçin üç-dört gün töweregi wagt gerek, ýöne Mars has alysda ýerleşýär – diýdi.

-Gyzyl planeta ýetmek üçin ýedi-sekiz aý gerek bolar, şeýle ýagdaýda planetalaryň ýerleşýän ýerleri alty-sekiz aýda ýene yzyňa gaýdyp gelmäge mümkinçilik berýänçä, bir-iki ýyl ol ýerde galmaly bolar. Marsa gidýän adamlaryň ömrüni goramak üçin heniz biz ýene köp zatlaryň üstünde işlemeli bolarys – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn wagtda Türkiýä sapar bilen barar, Gorkut Ata kinofestiwalyny geçirmek nobaty Änew şäherine berildi, Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini berdi we beýleki habarlar
NASA awgust aýynda UNO barada hasabatyny çap eder
Ýer güni bellenilýär
Angliýanyň Premier Ligasynda portugal topary
2020-nji ýylyň iň berk smartfony belli edildi
15-nji noýabr