NASA awgust aýynda UNO barada hasabatyny çap eder

NASA awgust aýynda uçýan näbelli obýektlere gözegçilik baradaky hasabatyny ýaýradar. Bu barada ABŞ-nyň kosmos edarasynyň başlygy Bill Nelson habar berdi.

Resminiň sözlerine görä, näbelli uçýan obýektler “abraýly alymlar komiteti” tarapyndan öwrenilýär. Hünärmenler her bir aýratyn materialy üns bilen öwrenýärler we iki hepdeden soň işleriniň netijelerini paýlaşmaga taýyn.

NASA-nyň başlygy hünärmenleriň bu hadysalary anyklamak üçin ýörite sensorlary ulanýandygyny aýtdy.

Ondan öň Ak Tamyň metbugat sekretary Jon Kirbi brifingde ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň uçýan näbelli obýektler mowzugyna çynlakaý alada edýändigini we olar hakda maglumatlary ýygnamak we öwrenmek üçin tagalla edýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn wagtda Türkiýä sapar bilen barar, Gorkut Ata kinofestiwalyny geçirmek nobaty Änew şäherine berildi, Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini berdi we beýleki habarlar
Adamlar 2040-njy ýylda Marsa gadam basar
Ýer güni bellenilýär
Angliýanyň Premier Ligasynda portugal topary
2020-nji ýylyň iň berk smartfony belli edildi
15-nji noýabr