Adamzat öňdäki 50 ýylda başga planetalylar bilen duşuşyp bilermi?

Adamzat öňdäki 50 ýylda başga planetalylar bilen duşuşyp bilermi?

Britaniýaly alym we telegepleşikleri alypbaryjy Meggi Aderin-Pokok adamzat golaý ýarym asyrda başga planetalylar bilen duşuşar diýip, hasaplaýar.

Daily Mirror neşiriniň ýazmagyna görä, bu waka 2075-nji ýylda bolar. Alym şeýle-de gelmişekler Stiwen Spilbergiň Başga planetaly filminde görkezilýän gumanoidlere meňzeş bolar öýdüp garaşmaly däldigini sözüniň üstüne goşdy. Aderin-Pokok başga planetalylar kükürtli neme meňzeş bolsa gerek diýip hasaplaýar. Olaryň aragatnaşyk tehnologiýalary-da adamlaryňkydan ösen bolar.

Mundan öň britan režissýory we NUO-lary (näbelli uçýan obýektler) öwreniji Mark Krsitofer Li adamzadyň başga planetaly siwilizasiýa bilen 2026-njy ýylda geçjek Futbol boýunça dünýä çempionatynda ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýdypdy. Ol gadymy pallaryň, näbelli uçýan obýektleri synlamalaryň hem-de meşhur danalaryň aýdanlarynyň esasynda şeýle netijä gelendigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Dowizioso Awstriýada ýeňiş gazandy
“Apple”-den täze taslama
Täze film
10 milliard dollara ýetdi
Täze kinolar
Sport täzelikleri