“Adidasy” “Reebok”-y satmakçy bolýar

“Adidasy” “Reebok”-y satmakçy bolýar

Sport enjamlaryny hem-de egin-eşikleriniň öndüriji dünýä belli nemes kompaniýasy “Adidas” garamagyndaky “Reebok” şereketini satmakçy bolýar. “Adidas” kompaniýasy “Reebok”-y 2006-njy ýylda 3,8 milliard ýewro baha satyn alypdy.

Nemes kompaniýasynyň ýolbaşçylary häzirki wagtda dünýä bazaryndaky gymmaty 842 million ýewro çenli peselen “Reebok”-yň satuwyny geljek ýylyň martyna çenli tamamlamagy meýilleşdirýär.Bütin dünýäde özüniň oňaýsyz täsirini ýetiren kowid 19 pandemiýasy sebäpli maliýe babatda “Reebok” şereketi “Adidasdan” has köp zyýan çekdi. “Adidas”-yň girdejisi 33, “Reebok”-yň girdejisi 42 göterim pese gaçdy.

Reebok-yň kimiň satyn aljakdygy häzirlikçe anyk däl. Ýöne nemes metbugatynda çykan habarlara görä, dünýä belli “Timberland” hem-de “The North Face” markalaryna eýeçilik edýän amerikan “VF Corp”, “Wilson” we “Salomon” markalarynyň eýesi fin şereketi “Amer Group”, şeýle-de Hytaýyň “Anta Sports Products” kompaniýalary “Reebok”-yň täze eýesi bolmaga dalaşgär. “Manage Magazine”-iň habar bermegine görä, “Adidas” “Reebok”-y pandemiýadan öň satan bolsady, ony azyndan 2 milliard ýewro satyp bilerdi.

Häzirki wagtda onuň bahasy 2 milliard ýewrodan pes diýip habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy FIFA-nyň girdejisini 7,5 milliard dollara ýetirer
“Nike” iň naýbaşy krossowka brendi
‌Býujetçilerden hakyna tutma ýygymçylar üçin 600 manatdan pul ýygnalýar
Adidas-yň baş ýerine ýetiriji müdiri 2023-nji ýylda wezipesinden gider
Adidas 80 sagatlap awtonom işläp bilýän, Gün batareýaly nauşnik çykardy
Balkan welaýatynyň býujet işgärleri pagta meýdanyna ugradylýar
Halkara guramalary Türkmenistanyň pagta pudagyndaky mejbury zähmete garşy webinar geçirdi