Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow:

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

6. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzili Iň uly haly göli diýen ada eýe bolan binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Redaksiýamyz ak mermerli paýtagtymyzyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen binagärlik-çeperçilik we beýleki desgalaryna bagyşlanan makalalary çap etmegi dowam edýär. Şu makala bolsa 2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda bolup geçen taryhy waka bagyşlanýar.

Gürrüň Aşgabadyň täze Halkara howa menziliniň — ýurdumyzyň baş howa derwezesiniň açylyş dabarasy barada barýar.Bu waka milli Liderimiziň Türkmenistany Aziýa yklymynyň iri ulag-logistika merkezleriniň birine öwürmek baradaky başlangyjynyň durmuşa geçirilmeginiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy.

Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin täze mümkinçilikleri döretdi.Watanymyzyň kuwwaty hormatly Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty, baý tebigy serişdeleri, ýurdumyzyň sebitde geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir.

Indi bu gün, şol dabaradan bäş ýyl geçenden soň, biz Aşgabadyň Halkara howa menziliniň döwrebap ulag-üstaşyr düzüminiň kemala gelmeginiň möhüm ulgamyna öwrülendigini, Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin şertleri döredendigini, Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ýygjamlaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri açandygyny ynamly aýdyp bileris.

Merkezi Aziýadaky iri toplum tehnologik üpjünçilik babatda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Onuň umumy meýdany 1200 gektara barabardyr we özüne 100-den gowrak desgany, şol sanda 48 esasy desgany birleşdirýär. Şolaryň hatarynda esasy we ikinji ýolagçylar terminaly, ýük terminaly, howa gämilerine tehniki taýdan hyzmat edýän angarlar toplumy, okuw we lukmançylyk merkezleri hem-de beýleki köpsanly desgalar bar.

Ýylda 14 million ýolagça hyzmat etmäge ukyply esasy terminalyň bäş gatly binasynyň umumy meýdany 190 müň inedördül metrden gowrakdyr. Ýolagçylaryň 3 milliondan gowragyny kabul etmek üçin niýetlenen ikinji terminal bilen birlikde döwrebap howa menzili ýylda jemi 17 million adama ýa-da sagatda 2 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýük terminaly arkaly 200 müň tonna ýük geçirilip bilner.

Howa menzilinde ähli zerur düzüme eýe bolan uçuş-gonuş zolaklarynyň ikisi bar.Olaryň uzynlygy 3 müň 800 metre barabardyr.Howa hereketini dolandyryş gullugy iň häzirki zaman nawigasiýa enjamlary bilen üpjün edildi.

Howa menzili islendik görnüşdäki uçarlary kabul edip bilýär we olara dünýä derejesinde hyzmatlary üpjün edýär.

Halkara howa menziliniň açylyş dabarasynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň resmi wekili Jek Brokbenk çykyş edip, döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmenistanlylary eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ol özüniň saparynyň maksady barada aýdyp, Kitap üçin maglumatlary ýygnamak bilen meşgullanýan Guinness World Records kompaniýasynyň dünýäde rekordlary, täsin we haýran galdyryjy ýagdaýlary hem-de wakalary bellige almak ulgamynda örän jogapkärli we abraýly guramadygyny belledi.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzili Iň uly haly göli diýen ada eýe bolan binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmäge teklip edildi. Bu teklip jikme-jik öwrenildi hem-de ähli zerur geňeşmelerden soň degişli çözgüt kabul edildi.

Jek Brokbenk esasy ýolagçy terminalyndaky iň uly haly gölüniň şekili (705 inedördül metr) arkaly Aşgabadyň Halkara howa menziliniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilýändigini aýdyp, türkmen tarapynyň wekiline bu ýagdaýy tassyklaýan güwänamany gowşurdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda halynyň milli nyşanlaryň biri hökmünde ykrar edilendigini, döwlet gymmatlygy hökmünde garalýandygyny bellemek gerek. Galyberse-de, her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilýändigini nygtamalydyrys.

Soňra açylyş dabarasynda International Property Awards-yň prezidenti we International Property & Travel kompaniýasyny esaslandyryjy Stýuart Şild çykyş edip, türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça gurlan hem-de täsin binagärlik keşbine eýe bolan Aşgabat Halkara howa menziliniň dünýädäki iň owadan howa menzilleriniň hataryna girjekdigine we gürrüňsiz, amatlylyk babatda hem-de ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesi boýunça mynasyp orun eýelejekdigine ynam bildirdi.

S.Şild International Property & Travel gozgalmaýan emläk we syýahatlar baradaky halkara neşiriniň bu täsin desgany Construction Excellence Award sylagy bilen sylaglamak baradaky çözgüdini habar berdi. Şol kompaniýa bu iri hem-de çylşyrymly desganyň taslamasynyň düzülişiniň hem-de gurluşygynyň hiline, onuň binagärlik konsepsiýasyna ýokary baha berýär.

Soňra Business Initiative Directions (BID) kompaniýasynyň baş dolandyryjy direktory Frank Kalwino çykyş edip Aşgabadyň täze Halkara howa menziliniň International Star Award for Quality ýokary baýragyna mynasyp bolandygyny belledi. Myhman bütin dünýäde hiliň medeniýetini ilerletmek hem-de bu ulgamdaky hyzmatlary ykrar etmek bilen meşgullanýan halkara gurama wekilçilik etdi.

Şunlukda, ol Aşgabadyň Halkara howa menziliniň halkara hil baýragyna mynasyp bolan esasy aýratynlyklaryny häsiýetlendirdi. Munuň özi täze desganyň uçmak üçin ganatlaryny ýaýyp duran laçynyň görnüşindäki täsin şekili bilen baglanyşyklydyr. Bu görnüş eziz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň, abadançylygynyň we ägirt uly kuwwatynyň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.

Gazetimiziň geljekki sanlarynda Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat atly makalalar toplumynda Aşgabadyň baş Olimpiýa stadionyndaky ahalteke bedewiniň şekili barada gürrüň berler. Bu desga dünýäde ahalteke bedewiniň iň uly binagärlik şekili hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy.

Jumanazar GARAJAÝEW,

Aşgabat gazetiniň syýasy synçysy.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25924

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Serdar Berdimuhamedowyň Gyrgyzystana sapary, BAE-niň ilçihanasy arap dili boýunça mugt okuw sapaklaryny guraýar, Türkmenistanda +48° çenli yssy howa garaşylýar
Türkmenistanyň zenan futbol topary CAFA çempionatynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy
Aşgabatda çagalara beden temmisini bermäge garşy kanuny göreşiň öňdebaryjy tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistanda ilkinji gezek Go Viral festiwaly geçiriler, AŞTU-nyň merkezi binasynda öz-özüňe hyzmat etmek boýunça terminallar ornaşdyryldy
Lenovo ekransyz konseptual noutbuk bilen tanyşdyrdy
Bakuwyň Halkara howa menzili Merkezi Aziýada we GDA-da iň gowy diýlip yglan edildi
Türkmenistanly žurnalistler halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar