Älem syry kitap bilen açylýar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Gökderedäki Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Älem syry kitap bilen açylýar ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesillerde kitaba bolan söýgini döretmekde, çagalary Watansöýüji ruhunda terbiýelemekde, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde, hem-de Gökdere jülgesinde tomusky dynç alyş döwrini şatlykly pursatlara besläp ýokary derejede dynç almaklary ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp hazynasy bolan türkmen halk ertekilerindäki gahrymanlarynyň hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, dost-doganlyk, agzybirlik ýaly häsiýetleriň jemlenendigi hakynda giňişleýin beýan etdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper okap berdiler hem-de çagalar bilen türkmen halk ertekileriň gahrymanlary barada sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we gyzykly geçirmekleri üçin nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Akyldar şahyra sarpa
Ertekileriň jadyly dünýäsi
Ýaşlar Watanyň daýanjy
Kitap ruhy hazyna
Çagalaryň sözleýşini kämilleşdirmekde edebiýatyň orny
Zehinli çagalar