Akyldar şahyra sarpa

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Demirýolçy” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly dünýäniň akyldary atly kitaby esasynda Akyldar şahyra sarpa ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler akyldar şahyryň il-günümize miras goýýan şahyrana hazynasy türkmeniň ruhy daýanjy bolup, islendik halkyň wekiliniň kalbyny gülzarlyga besleýändigi, onuň edebi mirasynyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň bütin dünýäde ykrar edilýändigini belläp geçdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy agzybirligi, ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny, onuň döredijiliginiň ýaş nesilleri terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda täsiriniň örän uludygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň “Magtymgulydünýäniň akyldary” atly kitabynda beýik şahyrymyzyň şygyrýet älemi özüniň köptaraplylygy, many-mazmunyna baýlygy, ýokary çeperçiligi bilen ynsanyň kalbynda baky orun alýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda şeýle bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragy söz äleminiň zergäri
Balkanly mugallymlardan çagalar sagaldyş merkezlerine ýollanmalary satyn almak üçin’ pul ýygnalýar
Älem syry kitap bilen açylýar
Ertekileriň jadyly dünýäsi
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda temalaryň 12-si boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar
Ýaş ýangyn söndürijileriň arasynda ýaryş geçirildi