Magtymguly Pyragy söz äleminiň zergäri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Magtymguly Pyragy söz äleminiň zergäri ady bilen Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanada söhbetdeşlik geçirildi.Söhbetdeşlikde Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmunly goşgulary türkmen halkynyň taryhy, ýaşaýyş durmuşy, geçmişi bilen aýrylmaz baglanşykly bolup, şahyryň goşgulary her bir ynsanyň kalbyndan eriş argaç bolup geçýän edebi mirasy bolsa häzirki döwrümizde tutuş adamzat jemgyýetini terbiýelemekde uly güýje eýe bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Akyldar şahyrymyz öz ýazan şygyrlarynda ýagşy işlere ýaran bolmagy, gowy gylyk häsiýeti ündändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň abraý-mertebesini belende göterýän hem-de sungata çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Akyldar şahyra sarpa
Gallaçy daýhanlaryň zähmet üstünligi
Medeniýet hepdeligi
Magtymguly Pyraga bagyşlanan sergi açyldy
Älem syry kitap bilen açylýar
Kitap - çagalaryň iň ýakyn dosty