Änewmüňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet

Änewmüňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň Änewmüňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly gymmatly kitaby barada tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änewmüňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly täze kitaby üstünden beýik-beýik ynsanlar ýaşan, döreden, guran gadymy Änew topragyna edebi, taryhy zyýarat.Bu kitap hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Ahal topragyna aýlanmagyndan galan täsirleriň netijesinde edilen uzak-uzak gözlegleriň miwesi hakynda, şeýle-de ussatlaryň dünýäsine, gadymyýetiň gursagyna syýahatyň täsiriniň uly bolandygyna Rowaýata öwrülen geçmiş, Geçmişiň syry galan toprak, Watan hakyndaky müdimi owaz ýaly bölümleriň sözbaşylarynyň owazlylygyndan hem göz ýetirmek bolýar.

Ol täsir turuwbaşdan okyjynyň kalbyna-da aralaşýar. Şeýdip, okyjy Gadymy Änewiň täsinligi, Taryhy birleşdirýän uly wakalar, Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar ýaly baplaryň içi bilen geçmişiň çuňluklaryna aralaşyp ugraýar.

Ol çuňluklar durşuna hazynadyr diýip, giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Kitap ruhy hazyna
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy
Gymmaty egsilmejek kitap
Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2024: 13-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Paryzdepe ýadygärliginiň dag eteklerinde üýtgeşik käriziň üstünden baryldy
Hormatly Prezidentimiziň Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitaby