Ärdogan Türkmenbaşy şäherinde gol çekilen resminamany tassyklady

Ärdogan Türkmenbaşy şäherinde gol çekilen resminamany tassyklady

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti, Türkiýe Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistan Hökümetiniň arasynda gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki maslahat beriş toparynyň döredilmegi baradaky resminamany tassyklady.

Report-yň habaryna görä, Karar resmi metbugatda çap edildi.

Ähtnama laýyklykda, taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygy gowulandyrmak üçin gümrük hyzmatdaşlygy we maglumat alyşmak boýunça bilelikdäki topary döreder.

Bilelikdäki Konsultatiw toparynyň işi Taraplaryň döwletleriniň arasynda geçirilýän harytlar babatda gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegine, özara maglumat alyşylmagyna, gümrük gözegçiliginiň kämil usullaryndan peýdalanmak üçin çäreleriň görülmegine hem-de gümrük hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdiriler.

Ýatlap geçsek, bu Ähtnama 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde gol çekilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça täze resminamalara gol çekildi
Türkmenistandan Türkiýä gaz ibermegiň mümkinçilikleri öwrenilýär
Ärdogan 2024-nji ýylda dünýäde adalatyň dabaralanjakdygyna umyt bildirdi
Türkiýäniň Prezidentiniň 9-njy agtygy dünýä indi
Ärdogan ilkinji türk astronawty bilen wideoaragatnaşyk arkaly gürrüňdeş boldy
Türkiýäniň Prezidenti Täjigistana sapar bilen barmakçy
Türkiýede ýerli saýlawlar geçdi